Türkmenistanda iň ýokary ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan awtomobillere ýangyç guýujy beketleriň tory giňeldilýär. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň düzüm birlikleriniň hünärmenleri bu ugurda birnäçe işleri alyp barýarlar. Şu ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň çäginde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda awtoulaglara gije-gündizleýin hyzmat etmäge ukyply iň täze kompýuter tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň ulgamy guruldy. Beketlerde şeýle hem awtomobillere tehniki...