Habarlaryň arhiwi (2018-9-6)

Wenadaky Türkmen-awstriýa işewürler forumyna gatnaşyjylar maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşýarlar

5-nji sentýabrda Wenada açylan Türkmen-awstriýa işewürler forumyna Ýewropanyň 125-den gowrak kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň döwlet we hususy edaralaryndan 70-den gowrak wekilinden ybarat uly wekiliýet bilelikdäki işewürler forumyna gatnaşmak üçin Awstriýanyň paýtagtyna  geldi. Onuň esasy maksady – maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşmak we Awstriýadan mümkin bolan hyzmatdaşlary...

Daşary ýurtly sarp edijilere energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmek — öňde goýan esasy maksatlarymyzyň — Türkmenistanyň Prezidenti

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde energetika senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hem zerur şertler döredildi – diýlip Gutlagda aýdylýar. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli...

2014