Habarlaryň arhiwi (2019-2-21)

Gurbanguly Berdimuhamedow iri möçberli ykdysady taslamalaryna Owganystanyň goşulmagynyň wajyplygyny belledi

Owganystanyň giň möçberli halkara we sebit derejesindäki ykdysady we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna çekilmeginiň bu ýurtda parahatçylygy we agzybirligi gazanmagyň örän möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenme bilen eden çykyşynda belledi. — Türkmenistan bu garaýşa eýermek bilen, soňky ýyllarda Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag, kommunikasiýa...

Türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeleri boýunça 10 sany resminama gol çekildi

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň,  özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we  Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan  bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama  hem-de Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda nebitgaz pudagynda...

Aşgabatda ýokary derejede türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen  Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Gepleşikler ikiçäk derejede tamamlanandan soňra, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  Prezident Mohammad Aşraf Ganini mähirli mübärekläp, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň...

2014