Habarlaryň arhiwi (2019-2-8)

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda milli ykdysadyýete daşary ýurt maýadarlarynyň hem, öz telekeçilerimiziň hem maýa goýumlaryny çekmegiň kanunlaryny kämilleşdirmegiň zerurdygy hakynda belledi. Duşuşykda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy. Maksatnamada göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna,...

Nebit arzanlaýar: «Brent» - $61,2, «WTI» - $52,21

ABŞ bilen Hytaýyň söwda gatnaşyklarynyň ýitilişmeginden howatyrlanmanyň netijesinde 8-nji fewralda nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklaýar. Moskwa wagty bilen 7:42-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,7 göterim aşaklap, 61,2 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,82 göterim arzanlap, 52,21 amerikan dollaryna barabar boldy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň HHR-iň ýolbaşçysy Si Szinpin bilen duşuşygynyň...

Ýewrokomissiýa «Brent» söwda belgili nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny pese düşürdi

Ýewrokomissiýa täze ykdysady çaklamasynda «Brent» söwda belgili nebitiň 2019-njy ýyl üçin ortaça bahasynyň barrel üçin 61 dollar bolmagyndan ugur aldy. Güýzde çaklama has ýokary, ýagny — barrel üçin 80,6 dollara deňdi. Bu barada komissiýanyň gyşky çaklamasynda habar berilýär. «Çaklamanyň esasynda durýan käbir tehniki elementler» atly bölümde habar berlişi ýaly, çaklama bazaryň şol wagtky garaşýan ýagdaýlaryny şöhlelendirýän...

2014