Habarlaryň arhiwi (2019-7-10)

«Şatlyk» şypahanasy gazçylaryň saglygyny berkidýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Şatlyk» şypahanasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda zähmet çekýän gazçylaryň saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredilendir. Diňe bir çalşykda şypahanada birbada 104 adam dynç alyp, beden saglygyny berkidip bilýär, ýylyň dowamynda bolsa, sagaldyş merkezi 2 müň adama hyzmat edýär. Şypahananyň lukmançylyk işgärleriniň esasy wezipesi adamlaryň doly derejede saglygyny berkitmäge gönükdirilen netijeli bejergini bermekdir. 1500 metr...

ÝB we Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan birnäçe ugurlar boýunça, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler. Bu meseleler Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Federika Mogerini bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň geçiren duşuşygynyň barşynda maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depginleri bellenildi,...

Halk Maslahatynyň mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň — halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlisi 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçiriler. Bu Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan birinji ýarymýyllygyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde gol çekilen resminamada kesgitlenildi. Häzirki wagtda ýurduň durmuşynda bu möhüm çärä taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka bolan Halk...

2014