Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň telefon arkaly gepleşikde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, özbek halkynyň bähbidine giň gerimli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, özbek Lideriniň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan netijeli işleri hem-de uly syýasy tejribesi we ussatlygy diňe Respublikada däl-de,...