Habarlaryň arhiwi (2019-5-31)

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi. Ir bilen, GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň sammitiniň başlanmazynyň öňüsyrasynda, Gurbanguly Berdimuhamedow wagtyň geçmegi bilen gymmatlyga öwrülen GAZ-21 kysymly «Wolga» awtoulagyna erk edip, belent mertebeli myhmanyň sapary mahalynda kabulhanasynyň ýerleşen ýeri...

GDA döwletlerine geoykdysady mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak zerurdyr — Türkmenistanyň Prezidenti

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işlerini amala aşyrýar, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi. — Biziň ýurtlarymyz geografik taýdan birleşendir, umumy taryhy tejribä eýedir, şolary köpugurly ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär we biz üýtgäp durýan häzirki zaman şertlerinde öz mynasyp ornumyzy eýelemelidiris. Şol...

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini sebit energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin düzümde geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkalaşygyň döwletleriniň energetika ulgamynda köptaraply taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, GDA bilen gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana energiýa serişdelerini uzakmöhletleýin ibermek barada barýar. Arkalaşygyň birnäçe ýurtlary Ýewraziýada iň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň we...

2014