Habarlaryň arhiwi (2019-1-17)

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine garady

Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamanyň taslamasy barada hasabaty diňläp, pudaklary şol bir wagtyň özünde milli ykdysadyýetimizi köpugurly...

Türkmenistan we RF ýokary derejede duşuşyklary geçirmäge taýýarlyk görýär

Çarşenbe güni Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew bilen Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. «Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlyk görmek maslahatlaşyldy» - diýip Interfaks RF-iň DIM-niň saýtyna salgylanyp habar berýär.  ...

Türkmenistan we Bahreýn maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Bahreýniň Söwda-senagat edarasynyň wekili Muhammed Abdul-Jabbar al-Koheji bilen Türkmenistanyň ilçisi Orazmuhammet Çaryýewiň duşuşygynda Türkmenistan bilen Bahreýniň ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Ahbar Al-Halij» («Aýlag ýurtlarynyň habarlary») gazeti habar berýär. Duşuşygyň dowamynda Al-Koheji Söwda-senagat edarasynyň ykdysadyýet, söwda we ösüş ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýändigini belledi. Muňa iki ýurtdaky amatly maýa...

2014