Täzelikler

Ýerli çig mallardan guýular üçin buraw erginleri

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ýokary berkidijilik we termoduz, şeýle hem polimineral zyýanlara (rapa) garşy durnuklylyga ukyply toýunly sulfat — natriý buraw ergini işlenip taýýarlanyldy we öwrenildi. Erginleriň düzümi Türkmenistanyň № 430 belgili patenti bilen goralandyr. Bu erginiň peýdalanylmagy import edilýän himiki reagentleriň, agyrlaşdyryjylaryň we buraw dolotlarynyň önümçilik wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer. Buraw...

Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin öýler

Aşgabady binagärlik taýdan ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde Seýdi – Mollanepes köçeleriniň aralygynda «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň buýurmagynda 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. 1,5 gektardan ybarat meýdanda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dowamat» hojalyk jemgyýeti üç we dört otagdan ybarat 72 öýli ýaşaýyş jaýyny gurýar. — Biziň gurluşyk brigadalarymyz bir wagtyň özünde toplumlaýyn işleri...

TNGIZT-da adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça türgenleşikler geçirildi

Aýratyn yssy tomus paslynyň gelmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň sebitlerinde adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we olary aradan aýyrmak boýunça degişli düzümleriň ylalaşykly hereketlerini üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn çäreler geçirilýär. Ýakynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýörite bölünip berlen çäginde dürli derejeli çylşyrymlykdaky ýangyny söndürmegiň döwrebap serişdelerini we usullaryny ulanmak boýunça türgenleşikler geçirildi. Şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyzyň ilatynyň...

Energetika pudagy — Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri

Biz Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň özara gatnaşyklarynyň kuwwatyna ýokary baha berýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýunda Daşkentde geçirilen ŞHG agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde eden çykyşynda nygtady. Şeýle hem Türkmen döwletiniň Lideri bu gatnaşyklaryň geriminiň örän giňdigini belläp, olaryň hatarynda energetika, ulag, aragatnaşyk, söwda ulgamlary kesgitledi. Energetika ulgamy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň...

Türkmenistan we Özbegistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow  bilen Daşkentde ŞHG-niň Sammitiniň çäklerinde geçiren duşuşygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin toplanan oňyn tejribäni kanagatlanma bilen belläp, onuň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassykladylar. Şu nukdaýnazardan, Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow uzakmöhletleýinlik...

Türkmenistan we Hytaý energetika, ulag we ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Daşkentde geçiriljek ŞHG-niň Sammitiniň çäklerinde energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy teklip etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, bu günki gün Hytaý Türkmenistanyň daşary söwdasynyň umumy möçberinde ilkinji orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, gaz pudagynda hyzmatdaşlyk energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Liderleri TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen Daşkentde geçiren duşuşygynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Iki dostlukly döwletiň Liderleriniň duşuşygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde bolup geçdi. Prezident Gurbanguly...

Aşgabat we Seul nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

21-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Türkmenistanyň gaz ulgamyndaky taslamalara we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan işewürler maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, maslahatyň işine koreý tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Söwda, senagat we energetika ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Gurluşykçylar Assosiýasiýasynyň, Koreýanyň daşary ykdysady iş bankynyň we Koreýanyň söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň wekilleri, şeýle hem...

Nebitçileriň yhlasly zähmeti

Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmennebit» Döwlet konserniniň «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «gara altynyň» 414 müň tonnasyny çykardylar we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde önümçilik görkezijilerini 5,2 göterim artdyrdylar. Şeýle görkezijileriň gazanylmagynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda burawlanyp, senagat önümçiligine girizilen 9 sany ulanyş guýusynyň ähmiýeti diýseň uludyr. Müdirligiň işgärleriniň ýokary depginli zähmetiniň netijesinde Barsagelmez we...

Alymlaryň teklipleri gaz gorlarynyň artmagyny üpjün etdi

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlary Ýolguýy we Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy gaz känleriniň täze geologiki modelini gurnadylar. Munuň üçin soňky barlag we ulanyş guýularynyň buraw materiallary peýdalanyldy. Ýolguýy käninde gaz gorlaryny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijesinde olaryň görkezijileri 30 göterimden gowrak artdyryldy. Institutyň alymlarynyň maslahaty bilen barlag guýularyny burawlamagyň hasabynda käniň çäginiň giňeldilmegi...

Öňdebaryjy tehnologiýalar uglewodorod serişdelerini gözlemekde täze mümkinçilikleri döredýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy täze geofiziki tehnikalary, şeýle hem geologiýa-geofiziki maglumatlary işläp taýýarlamak hem-de düşündirmek boýunça iň häzirki zaman maglumat üpjünçiligini ulanmagyň hasabyna geofiziki barlaglaryň hili we maglumat berijiligi ýokarlandyryljak ZD meýdan seýsmiki toplumlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Korporasiýada habar bermeklerine görä, häzirki wagtda geologlar nebit we gaz meýdançalarynda geologiýa-geofiziki hem-de buraw işlerini amala aşyrýarlar. Şol işleriň netijesinde...

Kuwwatly tehnika ezber ellerde

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazakdyryş» müdirliginiň tejribeli sürüjileri ulaglaryň dürli görnüşlerine ezberlik bilen erk edip, möhüm ýükleri gaz känlerine öz wagtynda hem-de ýokary derejede ýetirýärler. Netijede bolsa, ýurtda tebigy gazy öndürmegi artdyrmak işine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. — Biziň müdirligimize degişli gaz känleri biri-birinde uzakda, Garagumyň ulgam-ulgam çägelikleriniň içinde ýerleşýär. Agyr ýükleri daşamak işine kuwwatly ýük awtomobilleri, şeýle...

Mekdep nebitgaz pudagynyň hünärmenlerini taýýarlaýar

Her ýyl «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marynebitgaz» orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan ýaş hünärmenleriň ýüzlerçesi ýurduň nebitgaz pudagynyň edaradyr kärhanalaryna ugradylýar. Mekdepde ýaşlaryň saýlap alan hünärlerini ýokary derejede öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Okuw döwründe alan nazary bilimlerini ýaş hünärmenler kärhanalarda geçirilýän önümçilik tejribelerinde berkidýärler. Okuw merkeziniň zehinli ýaşlary her ýyl orat hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň...

Gökderede çagalaryň tomusky dynç alşy

Tomus — çagalaryň iň söýgüli pasly. Bu döwür Türkmenistanyň dürli künjeklerinde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri gapylaryny giňden açýar. Şolaryň hatarynda Arçabil etrabynyň Gökdere diýen ýerinde ýerleşýän iň uly merkezleriň biri — «Nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi bar. Eýýäm iki hepde bäri paýtagtdan hem-de Ahal welaýatyndan gelen ýüzlerçe çagalar bu ýerde dynç alýarlar. Birbada müňlerçe adamyň dynç...

Türkmenistan we Hytaý nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistan we Hytaý nebitgaz ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministri Sun Tao bilen bolup geçen duşuşykda beýan edildi. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasy meseleleri barada aýdyp, taraplar Türkmenistanyň senagat mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmakda hytaý tejribesini ulanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp...

2014