Täzelikler

Täze enjamlar guýulary abatlamak işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär

Täze tehnika we öňdebaryjy tehnologiýalar «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestinde işjeň ornaşdyrylýar. Trestiň hünärmenleri ýurduň nebitgaz ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Brigadalar АК-60, А-80-60, XJ-350, XJ-450, УПА-60 has täze, kuwwatly göteriji desgalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Öz çäklerini abatlamak, plastyň birikdirmelerini berkitmek, aşakda we ýokarda ýerleşen gorizontlara dolanmak, suwdan goramak işlerinde täze usullar we tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar....

Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak

Hazarýaka döwletleriniň halas ediş gulluklary 14-16-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda geçiriljek «Hazar-2016» halkara toplumlaýyn okuw-türgenleşiklerine taýýarlyk işlerine başladylar. Hazar deňziniň basseýninde, şeýle hem, hazarýaka döwletleriniň çäklerinde adatdan daşary tebigy we tehnogen häsiýetli ýagdaýlaryň ýüze çykan halatynda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbeýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň halas ediş gulluklarynyň bilelikdäki hereketi okuw-türgenleşikleriniň esasy temasy bolar. Okuw-türgenleşikleri üç tapgyrda geçirilip,...

2016-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

10-njy aprelde Türkmenistanyň Nebit-Gaz toplumynyň Merkezi binasynda nebit-gaz pudagynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň şu ýylyň birinji çärýegi boýunça önümçilik işleriniň, ykdysady ýagdaýynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi, şeýle hem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde göz öňünde tutulan möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekligiň ugurlary kesgitlenildi. Maslahatda çykyş eden wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna dürli dokma önümleri, ýorgan-düşek önümleri, düz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleri, arassalanan pagta...

2016-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi

8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Hökümetiniň, pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy, milli maksatnamalary we ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşyna baha berildi. Meljisde berilen hasabatlarda bellenilişi ýaly, 2016-njy ýylyň ýanwar-mart aýlary üçin makroykdysady...

TOPH magistraly: ilkinji kilometr guruldy

«Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» (TOPH) magistral gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gönüleýin böleginiň birinji kilometrinde kebşirleme işleri tamamlandy. «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň hünärmenleri bir ulgama kebşirlemek üçin 1420 mm diametrli turbalaryň ýene-de bäş kilometrden gowragyny taýýarladylar. Olar geljekki gaz geçirijiniň geçjek ýoluna çykarylyp goýuldy. Kebşirleýiş işlerini tizleşdirmek üçin bu ýerde iki sany stellaž gurnaldy. Taýýarlyk işlerine ýörite...

«Türkmennebit» konserni: bellenilen meýilnamadan öňde

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň kärhanalary şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerini jemlediler. Ýurduň iň iri önümçilik-hojalyk toplumlarynyň biri bolan bu konserniň gazyp alyjy kärhanalary ýylyň başyndan bäri 1 million 266,5 müň tonna nebit aldylar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitçiler gazyp alýan nebitiniň möçberini ýokarlandyrdy. 2015-nji ýylyň birinji çärýegindäkiden 687 müň tonna köp «gara altyn» gaýtadan...

TOPH konsorsiumynyň agzalary maýa goýum Ylalaşygyna gol çekdiler

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 24-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine taslama gatnaşyjy ýurtlaryň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle-de bu taslamanyň Tranzaksion Geňeşçisi bolan Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylyşy maslahatlaşyldy, bu iri möçberli infrastruktura taslamasyny iş ýüzünde mundan...

Hazarýaka döwletleri Hazar deňzinde taraplaryň garaşsyz hukuklary baradaky garaýyşlaryny ylalaşdylar

Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň taslamasy, şol sanda, Hazar deňzinde taraplaryň garaşsyzlygyna, hukuklaryny özbaşdak ýerine ýetirmekligine we kanunçylygyna degişli meseleler boýunça birnäçe möhüm düzgünnamalary we maddalary ylalaşdylar. Bu barada Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň 5-6-njy aprelde Bakuda geçiren mejlisiniň...

«Galkynyş» käninde ulanyşdaky guýularyň sany artýar

«Türkmengaz» Döwlet konserni Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tiz wagtda özleşdirmek boýunça giň möçberli işleri amala aşyrýar. Konserniň buraw bölümçeleri tebigy gazyň bu ägirt gorunyň çäklerindäki nobatdaky ulanyş guýusyny — №301 guýyny burawlamaga başladylar. «Türkmengaz» DK-nyň habar bermegine görä, №301 belgili guýynyň taslama çuňlugy 4800 metre barabar. Bellenilen çuňluga ýetmek...

Türkmenistan energiýa serişdelerini geçirmegiň halkara infrastrukturasy boýunça BMG-niň köptaraply mehanizmlerini öňe sürýär

«Türkmenistan BMG-niň energiýa serişdelerini geçirmek boýunça halkara infrastrukturasynyň howpsuz hereket etmegine, şeýle hem, energiýa serişdelerine bolan deňhukuklylyga gönükdirilen köptaraply mehanizmlerini işläp düzmekligi halkara derejesinde öňe sürýär» diýlip, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň seljerme materialynda bellenilip geçilýär. Nebitgaz toplumynda iri möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan energetika babatda halkara hyzmatdaşlygyna jogapkärçilikli çemeleşýändigini äşgär edýär...

TNGIZT-da polipropilen örtgülerini öndürýän desga gurulýar

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologiki kuwwatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle taslamalaryň birini «P.T.Istana Karang Laut» indoneziýa kompaniýasy durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda önümçilik kuwwaty ýylda 20 müň tonna dürli görnüşdäki polipropilen örtgülerini öndürmäge mümkinçilik berjek bu desganyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyry başlandy....

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  awtobenzini,  garylan parafin galyndysyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-inde öndürilen tehniki ýody satyn aldylar. Bulardan başga-da,  daşary ýurt puluna  arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük ýerlenildi. Olary...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “2030-njy ýyla çenli döwürde Türkmenistanyň...

Gögerendag — nebit we gaz ýataklaryna baý ýer

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň «Gumdagnebit» Müdirliginiň ikinji nebitgaz senagat kärhanasynyň nebitçileri Ördekli meýdançasyndaky №91 belgili guýyny özleşdirip, ulanyşa girizdiler. Täze guýy bir günde 350 kub metr gaz we 70 tonna gaz kondensatyny berýär. Bu bolsa, Balkan welaýatynyň günorta-günbataryndaky Gögerendag nebitgaz käninden uzakda bolmadyk Ördekli meýdançasynda tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Gögerendag nebit...

2014