Täzelikler

«Petronas» Hazaryň türkmen bölegindäki Garagol-Deňiz Günbatar känini senagat taýdan özleşdirmek işlerine taýýarlanýar

Golaý wagtda «Petronas Çarigali (Turkmenistan)» malaý kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen böleginde, «Blok-1» şertnamalaýyn çäginde ýerleşen Garagol-Deňiz Günbatar känindäki birinji guýyny burawlamak işlerine başlarlar. «Petronas Çarigali (Turkmenistan)» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda täze meýdançada buraw işlerine taýýarlyk ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýlelikde, taslamanyň çäklerinde alynýan uglewodorod serişdeleriniň möçberini görnetin artdyrjak şertnamalaýyn çägiň nobatdaky...

TNGIZT ýokarlandyrylan bahaly nebit önümleriniň önümçiligini giňeldýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilige üstünlikli ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar bazarlarda ýokary islegden peýdalanylýan ýokary hilli nebit önümleriniň goşmaça tapgyryny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam edýär. Mazudy wakuumlaýan aýlaýan iň häzirki zaman enjamynda (BT-3) şu ýylyň üç aýynda nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek üçin gymmatly çig mal...

TOPH magistraly: gaz geçirijiniň gönüleýin böleginde kebşirleýiş işleri başlandy

Şu gün «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň hünärmenleri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) döwletara gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gönüleýin böleginiň turbalaryny bir ulgama kebşirlemek işlerine başladylar. Baş potratçynyň bölümleri bilen birlikde, «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk-gurnama müdirlikleri geljekki turba geçirijini geçirmek üçin garymlary taýýarlamak işlerini alyp barýarlar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek maksady bilen, taslama-ölçeg resminamalaryna laýyklykda,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda göniarassalaýyşdan geçirilen benzini Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Singapurdan gelen täjirler satyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewürler toparlarynyň wekilleri “B” kysymly...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de pudagyň kärhanalaryny...

Moskwada III Milli nebitgaz maslahatyny hem-de “NEBITGAZ -2016” atly 16-njy halkara sergisini geçirmäge taýýarlyk görýärler

Moskwada ilkinji gezek, “Eksposentr” Merkezi sergi toplumynda şol bir wagtda we şol bir meýdançada pudagyň esasy çäreleri - III Milli nebitgaz maslahaty hem-de “Nebitgaz toplumy üçin enjamlar we tehnologiýalar” - “NEBITGAZ -2016” atly 16-njy halkara sergisi geçiriler. RF-nyň Energetika ministrligi, Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, RF-nyň Söwda-senagat edarasy, Russiýanyň Hebitgazsenagatçylar birleşmesi, Russiýanyň gaz jemgyýeti we “Eksposentr”...

Türkmenistanyň Konstitusiýasy – döwletiň abadançylygynyň we rowaçlygynyň esasy

Tiz wagtdan biz hakyky taryhy wakanyň şaýatlary bolarys. Şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýaşularyň maslahatynda Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny kabul ederler, onuň taslamasy ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlendi.  Konstitusiýanyň ýurduň Esasy kanuny diýlip atlandyrylmagy tötänden däldir. Ol ýokary hukuk güýjüne eýe bolup, döwletiň syýasy we ykdysady ulgamyny berkidýär, döwlet häkimiýet, dolandyryş edaralarynyň, kazyýetiň ...

«Нефтегазовая Вертикаль» rus žurnaly Türkmenistandaky gaz känini 2015-nji ýylyp iň uly açyşlarynyň üçlügine goşdy

Russiýanyň abraýly, garaşsyz neşiri — milli pudaklaýyn žurnaly bolan «Нефтегазовая Вертикаль» 2015-nji ýylyň jemleri boýunça üsti açylan uglewodorod serişdeleriniň iň möhümleriniň we tassyklananlarynyň 14 sanysyny belläp geçdi. Neşir şolaryň arasynda üç sany ägirt gaz känini aýratyn tapawutlandyrýar. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Ilkinji ägirt uly kän Ortaýer deňziniň kenarynda Müsürde Eni kompaniýasy tarapyndan üsti açylan...

«Türkmennebit» Uzynada meýdançasyndaky iň çuň guýuda buraw işlerini geçirýär

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň Körpeje barlag-buraw müdirliginiň burawçylary Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky möhüm ähmiýetli Uzynda meýdançasyndaky №7 belgili iň çuň nebit guýusynda ýokary depginlerde buraw işlerini alyp barýarlar. Taslama çuňlugy 7150 metrlik guýuda buraw işlerini geçirmek ýaly çylşyrymly we jogapkärçilikli işler Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýär. Häzirki wagtda burawçylar guýuda üznüksiz ýagdaýda buraw işlerini alyp barýarlar. Her...

Türkmenistan we Saud Arabystany ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

Ýangyç-energetika ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri doktor Tawfik ben Fewzan Al-Rabianyň söhbetdeşliginde möhüm meseleleriniň biri boldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan  we Saud Arabystany ykrar edilen energetiki döwletler bolmak bilen ýangyç-energetika toplumynda netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň...

Gyýanlydaky GHT-nyň gurluşygynda taslama işleriniň 70 göterimi ýerine ýetirildi

Häzirki wagta çenli Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň gurluşygyň taslamasynyň 70 göterimi ýerine ýetirildi. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gazhimiýa pudagyny ösdürmek babatynda taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýlaşdyrmak, dünýä bazarynda uly islege eýe bolan önümleriň önümçiligini giňeltmek   boýunça wezipeleri çözmäge ýardam...

Türkmenistan we Pakistan hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-17-nji martda   Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy. Bu saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen gepleşikler geçirdi, olar uly üstünlige eýe boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, olar Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Germaniýadan, Türkiýeden, Gazagystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen  dizel ýangyjyny satyn aldylar. ABŞ-nyň,...

“Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Milli bahar baýramynyň – Howruz baýramynyň öňýanynda “Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri” jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň 2016-njy ýylda ilkinji sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sanynyň esasy mowzugy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet energetika strategiýasynyň dürli ugurlaryna, “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin döwlet maksatnamasynyň” ileri tutulýan taslamalarynyň amala aşyrylmagyna...

TNGIZT suwuklandyrylan gazyň ulanyş gerimini giňeldýär

Tebigy gazy dünýä bazarlaryna çykarmaklygy diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan suwuklandyrylan tebigy gazyň önümçiligini we onuň eksportyny artdyrmak boýunça işleri ýokary depginlerde alyp barýar. Mysal üçin, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda geçen ýyl suwuklandyrylan gazyň 300 müň tonnadan gowragy öndürildi. Ýokary islegden peýdalanylýan bu önümiň aglaba böleginiň eksporta iberilýändigi hem möhüm ähmiýete eýedir....

2014