Täzelikler

Geljekki gazçylar okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Marynyň nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň birinji we ikinji ýyl talyplary konserniň dürli kärhanalarynda we edaralarynda okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler. Nebitgaz okuw mekdebiniň talyplary bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda ýurduň ähli welaýatlarynda «Türkmengazakdyryş», «Türkmengazüpjünçilik» Birleşiginiň kärhanalarynda, şeýle hem «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş» we «Türkmengazburawlaýyş» müdirlikleriniň kärhanalarynda tejribelik geçdiler. Tejribeligiň dowamynda talyplar gazy...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $73,92, «WTI» - $68,72

ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary barada Amerikanyň nebit institutynyň (API) berýän maglumatlarynyň  netijesinde nebitiň dünýä boýunça bahalary 25-nji iýulda ýokarlanýar. Moskwa wagty bilen 7:33-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 73,92 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 68,72 amerikan dollaryna barabar boldy. Maýadarlar API-niň maglumatlarynyň oňaýly ýagdaý hökmünde kabul etdiler. Maglumata laýyklykda, ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary...

Türkmen wekiliýeti Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşar

Energetika ministri Ç.Pürçekowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşar. Bu barada 23-nji iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren wideoşekilli iş maslahatyna beýan edildi. Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisini ulanmaga bermek dabarasy şu aýda Owganystanyň Prezidenti Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçiriler. Bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Bathyz welaýatynyň we doganlyk Owganystanyň ýakyndaky sebitleri...

Nebit arzanlaýar: «Brent» - $72,94, «WTI» - $68,09

2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda Moskwa wagty bilen 7:37-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,18 göterim aşaklap, 72,94 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,26 göterim arzanlap, 68,09 amerikan dollaryna barabar boldy. Geçen dynç günleri Buenos-Aerosda G20-niň merkezi banklarynyň ýolbaşçylarynyň we maliýe ministrleriniň duşuşygy geçirildi. onuň netijeleri boýunça maliýe «ýigrimliginiň» wekilleri dünýä...

TNGIZT-de polipropilen örtügi öndürilip başlandy

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da dabaraly ýagdaýda po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­nyň işe gi­ri­zil­di, diýip Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär. Da­ba­ra hö­kü­met ag­za­la­ry, ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, şeý­le hem ne­bit­hi­mi­ýa­çy­la­ryň da­şa­ry ýurt­ly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şweýsariýanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna isleg bildirdiler. Mundan başga-da, Russiýadan, Pakistandan, Owganystandan,...

TNGIZT önümçiligini we ibermelerini üç esse artdyrdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda senagat önümleriniň önümçiligini we ibermelerini 33,5 göterim artdyrdy. Türkmenistanyň Statistikaa baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, mazutyň (+13 göterim), nebit koksunyň (+9,3 göterim) we polipropileniň (+6,1 göterim) önümçiligi has hem artdy. Şol bir wagtda hem TNGIZT-de öndürilýän nebit önümleriniň birnäçe görnüşleriniň eksporty hem düýpli artdy. Netijede, 2018-nji ýylyň...

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça ibermeler 18 göterim artdy

2018-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça 16 million 356 müň tonna tebigy gaz iberildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,75 göterim köpdür. Bu barada Horgoss (Sinzýan — Uýgur awtonom welaýaty) gümrük gullugyna salgylanyp Hytaýyň halkara radiosy habar berýär. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi Hytaý...

Nýu-Ýorkda TOPH gaz geçirijisiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

18-nji iýulynda BMG-niň ÖM-nyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly» atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy. Çärä gatnaşyjylar üçin TOPH taslamasy boýunça surat sergisi gurnaldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary...

Nebit dürlüçe bahalandyrylýar: «Brent» - $72,79, «WTI» - $69,79

2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Moskwa wagty bilen 8:00-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 11 sent aşaklap, 72,79 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,03 dollar gymmatlap, 69,79 amerikan dollaryna barabar boldy. ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklarynyň ýokarlanandygy we onuň çykarylyşynyň günde 11 mln dollar rekord derejä ýetendigi baradaky maglumatlardan soňra nebitiň bahalary...

Pekinde “Ýüpek ýoly” atly Türkmenistanyň ilkinji wiza hyzmat ediş merkezi açyldy

Bu merkezi döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürüjiler bolup Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we Hytaýyň “Beijing Sungxiong Foreign Service сompany” atly öňdebaryjy konsalting kompaniýasy çykyş etdiler. Merkeziň açylyş dabarasyna Hytaýyň döwlet we iri hususy syýahatçylyk düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Pekinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. “Beijing Sungxiong Foreign Service сompany” kompaniýasynyň prezidenti...

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi: Yssy günleri aşa gyzmakdan nähili goranmaly

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tomus paslynyň häzir dowam edýän yssy döwri bilen baglylykda bedeni aşa gyzmakdan goramak üçin özüňi alyp barmagyň kadalaryny we maslahatlaryny taýýarlady. Hünärmenler tomsuna günüň täsiri bilen adam bedeninde ýaşaýyş üçin zerur bolan maddalaryň emele gelýändigini belleýärler. Bedende suw-duz çalşygy işjeňleşýär, derlemek arkaly deri örtüginiň üsti bilen köp mukdarda...

Sinopec täze ykdysady zolakda 1,48 mlrd dollarlyk maýaly maýa goýum kompaniýasyny açdy

Hytaýyň Sinopec kompaniýasy «Sýunan» ykdysady zolagynda 10 mlrd ýuanlyk (1,48 mlrd dollar) binýatlyk maýasy bolan maýa goýum kompaniýasyny döretdi. Bu barada döwlet korporasiýasynyň beýanatynda aýdylýar. Täze kompaniýa Sinopec Capital Co Ltd. diýlip atlandyryldy we bu ykdysady zolakdaky ilkinji kärhana boldy. Ol energiýanyň täze çeşmeleri, täze materiallar, ekologiýa taýdan arassa serişdeler, emeli aň ýaly strategik ugurlarda taslamalary maliýeleşdirmek...

Tebigy gazyň YBI-de saglygy goraýyş boýunça maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň gurnamagynda «Sagdyn durmuş — bagtyýar durmuş» atly maslahat geçirildi. Maslahata ýurduň nebitgaz toplumynyň dürli edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda «Türkmengeologiýa» DK-nyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň IIM-niň, şeýle hem beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň...

Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $71,81, «WTI» - $67,69

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Moskwa wagty bilen 7:42-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 35 sent arzanlap, 71,81 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 39 sent pese düşüp, 67,69 amerikan dollaryna barabar boldy. 14-nji iýulda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,32 dollar ýokarlanyp, 72,16 amerikan dollaryna,...

2014