Täzelikler

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-11-nji iýuly aralygynda Berlin şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasy GFR-nyň Bundestagynda “ÝHHG-nyň çäklerinde borçnamalary ýerine ýetirmekde parlamentleriň ähmiýeti” diýen mowzuk boýunça geçirildi. Onuň işine ÝHHG-nyň 53 agza ýurdyndan 300-e golaý parlamentleriň agzalary, onlarça halkara guramalaryň wekilleri...

«Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisi dünýäniň HBS-leriniň üns merkezinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, rallini mahabatlandyrmak we wasp etmek boýunça Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda, 9-njy iýulda  Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň Bütindünýä we strategik...

OPEC 2040-njy ýylyň ahyryna çenli dünýäde esasy nebit iberiji wezipesini saklar

OPEC döwletleri 2040-njy ýylyň ahyryna çenli dünýäde esasy nebit iberiji wezipesini saklar. Bu barada guramanyň hasabatynda beýan edilýär. «Nebitiň we kondensatyň çykarylyşy 2024-nji ýylda 11 mln barrel artyp, 2030-njy ýyllaryň başynda 11,7 mln barrele ýeter» diýip gurama belleýär. 48 kontinental ştatda nebitiň çykarylyşy 2018-nji ýylda ortaça 1,3 mln barrel artar. 2025-nji ýyla çenli sebit nebitiň we kondensatyň...

Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $71,68, «WTI» - $68,02

17-nji iýulda irden nebitiň dünýä boýunça bahalary 5 göterimden gowrak arzanlady. «Brent» söwda belgili nebit barreli üçin 75,37 dollar möçberinde satylyp başlap, 21:00-da 71,53 dollara çenli aşak düşdi. Söwdalar ýapylmazdan öň ol 5 göterim arzanlady. «WTI» söwda belgili nebitiň bahalary deslapky söwda güni bilen deňeşdireniňde 4,42 göterim arzanlap, 68,02 dollara deň boldy. «Bahalaryň arzanlamagy bazarda teklibiň mümkin bolan...

Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $74,87, «WTI» - $70,60

2018-nji ýylyň 16-njy iýulynda Moskwa wagty bilen 7:47-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 46 sent arzanlap, 74,87 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,41 dollar pese düşüp, 70,60 amerikan dollaryna barabar boldy. 13-nji iýulda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,2 göterim gymmatlap, 75,33 amerikan dollaryna,...

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler degişlilikde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we awtobenzini satyn aldylar. Ownuk däneli hlorly kaliý we karbamid (“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) Türkiýeden we Owganystandan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük we mata ýerlenildi. Satyn alan...

OPEC+ ylalaşygy öz wezipesini amala aşyrdy diýen ýaly — Aleksandr Nowak

OPEC+ ylalaşygy öz dünýäniň nebit pudagyndaky ýagdaýy kadalaşdyrdy. Bu barada Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak aýtdy. «Meniň pikirimçe, bu ylalaşyk bahalaryň aşaklan wagtynda, hatda 2016-njy ýylyň dekabrynda 27 dollara ýetende çökgünlik ýagdaýyny kadalaşdyrmak wezipesini doly ýerine ýetirdi diýen ýaly. Nebitiň çykarylyşyny 1,8 mln barrel möçberde çäklendirmek boýunça dogry çözgüt kabul edildi. Bu çözgüt dünýäniň nebit bazarynda...

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde uzakdaky ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek işi alnyp barylýar

Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde täze ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynyň uzakdaky etraplarynyň biri bolan – S.Türkmenbaşy etrabynda orta basyşly täze gaz geçirijileriň birwagtda birnäçesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Aşyr Kakabaýew daýhan birleşiginiň obalaryna çekilýän iki sany täze gaz geçirijiniň umumy uzynlygy iki kilometr alty...

Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $78,22, «WTI» - $70,86

11-nji iýulda 5-7 göterim aşaklamadan soňra, dünýäniň nebit boýunça bahalary 12-nji iýulda irden ýokarlandy. Moskwa wagty bilen 8:53-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,8 göterim ýokarlanyp, 78,22 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,68 göterim gymmatlap, 70,86 amerikan dollaryna barabar boldy. Çarşenbe güni «Brentiň» bahalary 7 göterim aşak düşüp, 25-nji iýundan...

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Tatneftiň» baş direktory bilen kompaniýanyň Türkmenistandaky taslamalara gatnaşygyny maslahatlaşdy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Russiýanyň iri nebit kompaniýalarynyň biriniň ýurdumyz bilen uzak möhletli özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasy bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn...

Gruziýanyň importynda Türkmenistanyň nebit önümleriniň möçberi artýar

2018-nji ýylyň iýunynda Gruziýada benziniň we dizel ýangyjynyň iň köp mukdardaky importy Türkmenistan tarapyndan amala aşyryldy — 21,1 müň tonna. Bu görkeziji jemi importyň 24,3 göterimine deňdir. Sanawda soňky ýerlerde: Rumyniýa, Bolgariýa, Russiýa, Azerbaýjan, Gresiýa gelýär, diýip Meria-Turkmen ORIENT habarlar agentligi «Biznes Gruziýa» neşirine salgylanyp habar berýär. Şu ýylyň iýun aýynda Gruziýada benziniň we dizel ýangyjynyň...

RF-iň hökümeti Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen hazarýaka döwletleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky taslamasyny makullady

Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedow Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasyny makullamak hakynda resminama gol çekdi, diýip Interfaks Ministrler Kabinetiniň saýtyna salgylanyp habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Ylalaşygyň maksady — senagat, oba hojalygy, söwda, syýahatçylyk we taraplaryň döwletleriniň ykdysadyýetiniň gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary deňhukuklylyk we özara düşünişmek esasynda halkara hukuk binýadyny düzgünleşdirmek...

Türkmenistan türkmen-awstriýa işewür-forumy üçin teklipler taýýarlaýar

Şu aýda Wenada nobatdaky Wena şäherinde türkmen-awstriýa işewür-forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onda söwda gatnaşyklaryny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi awstriýaly kärdeşleri üçin teklipleri taýýarlaýar. Bu barada TSTB-niň saýtynda habar berilýär. Forumda logistika, mineral dökünleriň, nebithimiýa we gazhimiýa önümleriniň önümçiligi, şeýle hem peýdaly gazylyp alynýan magdanlar, dag magdan we...

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary iki hepdelik dynç alşa çykar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna dynç alşa çykmaga rugsat berdi we olara ýerli sagaldyş merkezlerinde dynç almagy teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutany penşenbe güni geçirilen 2018-nji ýylyň alty aýynyň durmuş-ykdysady netijelerine bagyşlanyp geçirilen hökümet mejlisinde aýtdy. Döwlet Baştutany ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, erbet bolmandygyny nazara alyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...

Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýany ylalaşdylar — Azerbaýjanyň DIM-i

Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň taslamasy doly ylalaşyldy diýen ýaly, diýip Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Elmar Mamedýarow beýan etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasynyň bäş döwlet tarapyndan hem ylalaşylandygyny aýtmak bolar» diýip E.Mamedýarow «AzerTaj» döwlet agentligine interwýusynda aýtdy. 2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Moskwada geçirilen mejlisiniň...

2014