Täzelikler

ABŞ-da nebitiň ätiýaçlyk gorlarynyň duýdansyz ýokarlanyp ugramagy baradaky habardan soň nebitiň bahasy aşaklap başlady

ABŞ-nyň energetika ministrliginiň 16-njy dekabrda tamamlanan hepdäniň jemleri boýunça ýurtda «gara altynyň» ätiýaçlyk gorlarynyň duýdansyz ýokarlanmagy baradaky habaryndan soňra nebitiň dünýä boýunça bahalary çarşenbedäki söwda-geleşikleriniň dowamynda ýene-de aşaklap başlady, diýip РИА Новости söwda maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. 20:35 wagtdaky ýagdaýa görä, Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy 0,43 göterim azalyp – barrel üçin  55,11...

ÝHHG Aşgabatda energetika infrastrukturasynyň desgalaryny gorap saklamak boýunça seminar geçirdi

Aşgabatda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň we energetika pudagynyň hünärmenleri üçin ÝHHG tarapyndan gurnalan seminarda energetika infrastrukturasynyň wajyp desgalaryny gorap saklamakda öňdebaryjy tejribe ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ÝHHG-niň saýtynda ýerleşdirilen press-relizde bellenilýär. Seminara howpsuzlyk hem-de içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hünärmenleri çagyryldy. Maslahatda möhüm energetika desgalarynda bar bolan we ýüze çykýan...

Maryda täze AÝGB işläp başlady

Mary welaýatynyň administratiw merkezinde Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda №204 täze awtomobillere ýangyç guýujy bekediň dabaraly açylyşy boldy. Açylyş dabarasynda il ýaşululary, şäheriň dürli nebitgaz kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Täze AÝGB şäheriň iň bir ýörgünli köçeleriniň biri bolan Baýram han köçesiniň ugrunda ýerleşdi. Beket Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Mary welaýat gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň hünärmenleri tarapyndan...

Marynyň gaz kärhanasynyň bagbanlary limon hasylyny ýygnadylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny üpjün etmek boýunça Müdirligiň Mary №2 bazasynyň bagbanlary kärhananyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen limonyň bol hasylyny ýygnadylar. Köp ýyllaryň dowamynda kärhananyň bagbanlary bu peýdaly sitrus ösümliginiň hasylyny ýetişdirýärler. Olaryň limon nahallaryny oturtmak hem-de suwaryş işleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Netijede bolsa bagbanlar kärhananyň işgärlerini ter limon bilen doly üpjün edip bilýär. Witamine baý bolan...

RF ýanwaryň ahyrynda OPEC we OPEC däl döwletleriň nebit çykaryşyna gözegçilik boýunça komitetiň maslahatyny geçirmegi teklip edýär

Russiýa 2017-nji ýylyň ýanwarynyň ahyrynda OPEC we gurama degişli däl döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmeklige gözegçilik etmek boýunça komitetiň maslahatyny geçirmegi teklip edýär, diýip ТАСС RF-ip energetika ministri Aleksandr Nowaka salgylanyp habar berýär. Nowak şeýle hem Russiýanyň içinde nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça iş toparynyň şu duşenbede maslahatyny geçirendigini habar berdi. iş toparyň düzümine Russiýada nebit çykarylyşynyň 90...

OPEC-iň nebit sebedi arzanlady

OPEC-iň nebit sebediniň bahasy 20-nji dekabrda bir barrel üçin 51,99 amerikan dollaryna barabar boldy. Ol duşenbedäkiden görkezijiden 0,19 dollar azdyr, diýip Trend gurama salgylanyp habar berýär. Agentligiň bellemegine görä, nebitiň dünýä boýunça bahalary çarşenbede ABŞ-da «gara altynyň» ätiýaçlyklarynyň birden peselmegi barada Amerikanyň nebit institutynyň (API maglumatlarynyň esasynda ýokarlanýar. 11:38 wagtda çenli Brent kysym;y demirgazykdeňiz nebit markasynyň fewraldaky...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň  nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir res