Täzelikler

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ozal gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, ulag we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň täzeçe çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurlygy barada ýurt Baştutanlary...

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ýurt Baştutanlary ikitaraplaýyn ýola goýulan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamy, suw diplomatiýasy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali...

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat  Mirziýoýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Duşuşygyň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklarynyň ösüş depginine ýokary baha berdiler. Bu ulgamda haryt dolanyşygynyň möçberlerini...

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

Gur­ban­lyk adam­za­dyň ah­lak-edep ýö­rel­ge­le­ri­ni, dog­ru­çyl­ly­gy we päk­li­gi ün­de­ýän, ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi dün­ýä ýaý­ýan, jem­gy­ýe­ti­miz­de äh­lu­mu­my ru­hu­be­lent­li­gi dö­red­ýän ga­dy­my baý­ram­dyr. Bu baý­ra­myň düýp maz­mu­nyn­da hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk,...

Türkmenistan Baku — Tbilisi — Kars taslamasyna goşulyp biler

Baku – Tbilisi – Kars demir ýol magistralynyň taslamasy dowam edip biler, diýip Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Mustafa Kapuju aýtdy. Bu barada Trend agentligi türk habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär. diplomatyň aýtmagyna görä, degişli taslama eýýäm türk tarapy tarapyndan taýýarlanyldy. Ilçiniň belleýşi ýaly, bu ugur Türkmenistan tarapyndan ýurtda çykarylýan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin ulanylyp...

Türkmenistanda ýurdy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy işlenip düzülýär

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» deslapky taslamasy hödürlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowyň habar berşi ýaly, Maksatnama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Milli Lider hasabaty diňläp, bu Maksatnamanyň senagat, energetika, daşary söwda,...

Gurbanguly Berdimuhamedow Aktauda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Prezidenti geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisinde Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň mejlisiniň netijelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Lider Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurda alnyp barylýan işleri beýleki wise-premýerler bilen bilelikde işjeň dowam etmegi we bu çäreleri iş ýüzünde...

Türkmenistanda Gurban baýramy 22-24-nji awgustda bellenilip geçiler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permana gol çekdi. Permana laýyklykda, 22-23-24-nji awgust iş günleri däl diýlip kesgitlenildi. Döwlet Baştutany degişli resminama Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisinde gol çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde şäherleriň, şeýle hem etraplaryň häkimliklerinde, ministrliklerde, ähli edara-kärhanalarda nobatçylygy talabalaýyk...

Daşoguz welaýatynda nebit önümlerini saklamak we ýükläp ugratmak boýunça kärhana işe girizildi

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäklerinde «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň nebit önümlerini saklamak we ýükläp ugratmak boýunça Daşoguz kärhanasynyň binalar toplumy ulanyşa girizildi. Kärhana edaranyň abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy tarapyndan bina edildi. Täze gurluşygyň umumy meýdany on gektara barabardyr. Bu ýerde her ýyl nebit önümleriniň 180 müň tonnasy hem-de çalgy ýaglarynyň 1,5 müň tonnasy ýangyç guýujy beketler üçin kabul ediler...

Nebit arzanlaýar: «Brent» - $71,61, «WTI» - $64,95

2018-nji ýylyň 20-nji awgustda Moskwa wagty bilen 8:31-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,31 göterim pese düşüp, 71,61 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,4 göterim aşaklap, 64,95 amerikan dollaryna barabar boldy. Söwda gatnaşyjylar Waşington bilen Pekiniň arasyndaky söwda gapma-garşylyklary HHR-iň ykdysadyýetine belli bir bökdençlikleri döredip başlamagyndan howatyrlanýarlar. Geçen hepdede resmi statistik maglumatlar...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Özbegistandan we we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny we nebit koksuny satyn aldylar. Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan,...

Hazar hakyndaky Konwensiýa energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin möhümdir — RF-iň energetika ministri

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini açýar. Bu pikiri RF-iň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Nowak aýtdy. 12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň Liderleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýa gol çekildi. Bu resminamanyň üstünde 22 ýyllap iş alnyp baryldy. Resminama...

Bäş sany Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlaryna Caspian Energy Award halkara baýragy gowşurylar

Caspian Energy we Caspian European Club «Hazar deňzinde syýasy, ykdysady we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmekde aýratyn goşandy üçin» diýen ugurdan bäş sany Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlaryna «Caspian Energy Award-2018» halkara baýragyny gowşurar. Trendiň belleýşi ýaly, bu barada Caspian European Club edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary we baş ýerine ýetiriji direktory Telman Aliýew aýdýar. Onuň belleýşi ýaly, bu baýrak taryhy...

Türkmenistanyň Baştutany ABŞ-nyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “OSI Systems” we “S2 Global” kompaniýalarynyň prezidenti Jonatan Flemingi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegi has-da işjeňleşdirmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar türkmen bazarynda öz eýeleýän orunlaryny...

Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda: «Brent» - $71,43, «WTI» - $65,48

2018-nji ýylyň 17-nji awgustynda Moskwa wagty bilen 7:50-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 71,43 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,02 göterim gymmatlap, 65,48 amerikan dollaryna barabar boldy. 16-njy awgustda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,9 göterim gymmatlap, 71,43 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt...

2014