Täzelikler

Türkmenistanyň günbatarynda demir magdanlarynyň iri ýatagy ýüze çykaryldy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň günbatarynda demir magdanynyň 70 — 75 million tonna möçberindäki gorlary ýüze çykaryldy. Bu barada wise-premýer M.Çakyýew geçen anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde habar berdi. Demir magdanlarynyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy boýunça «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň...

Türkmenabadyň himiýa zawody polimer turbalarynyň öndürilişini düýpli ýokarlandyrdy

Türkmenabadyň himiýa zawody 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde polietilen turbalaryň öndürilişini ep-esli artdyrdy. Ýanwar-fewral aýlarynda 20 müň tonna golaý önüm öndürildi, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür, diýip «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär. Şunda Gyýanlyda polimer toplumynyň işe girizilmeginiň ähmiýeti uly boldy, ol ýerden himiýa zawodyna giňişleýin ulanylýan polietilen turbalary çykarmak üçin çig mal gelip gowuşýar. Häzirki wagda...

Çelýabinskiniň turba prokat zawody TOPH gaz geçirijisi üçin turbalary getirer

Çelýabinskiniň turba prokat zawody Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan magistral gaz geçirijisiniň bölegini gurmak üçin turbalary satyn almak boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniň yglan eden bäsleşiginde ýeňiji boldy. Geleşigiň bahasy 219 mln dollara deň boldy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen gurluşyk bölümleri TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamagy meýilleşdirýärler. Finam.ru-nyň habar bermegine görä, häzirki wagtda «Сбербанк России» APK Türkmenistanyň daşary...

Ukrainada Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň ilçihanasy bu edaranyň ýanyndaky Ukrain-Türkmen işewürlik geňeşiniň ýardam bermeginde we işjeň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň awgustynda «Awazada» geçiriljek birinji Hazar Ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Dabara Ukrainanyň DIM-niň işgärleri, hazarýaka döwletleri bolan Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanalarynyň...

Rus kompaniýasy Türkmenistana nebitpromysel enjamlaryny getirmek boýunça şertnama baglaşdy

Perm nebit maşyngurluşyk kompaniýasy (PNMG) Türkmenistana nebitpromysel enjamlaryny getirer. Bu barada çözgüt ştangaly çuň nasoslaryň synag tapgyrynyň ulanylyşynyň nerijeleri boýunça kabul edildi. Perm nebit maşyngurluşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde nebit çykarylyşyny amala aşyrýan «Türkmennebit» DK üçin ştangaly çuň nasoslary getirmek boýunça şertnama baglaşdy. Getirmeler 2019-njy ýylyň dowamynda amala aşyrylar. Bu şertnama PNMG üçin soňky birnäçe ýylda iň...

Tomusda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ulanyşa giriziler

Ahal welaýatynda Owadandepe şäherçesinde tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Desgany 2019-njy ýylyň tomsunda ulanyşa bermek meýilleşdirilýär. Iň täze enjamlar we dünýä belli öndürijileriň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gazhimiýa zawody her ýylda 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyjy» gaýtadan işlär we Euro-5 standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän...

«Saudi Aramco» kompaniýasy TOPH taslamasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär

Dünýäniň iri nebit kompaniýalarynyň biri bolan «Saudi Aramco» (Saud Arabystany) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň maliýeleşdirilmegine gatnaşmagyň mümkinçiliklerini kesgitleýär. «Al-Riyadh» gazetine beren interwýusynda Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeleri ministri Haled al-Faleh şeýle belledi: «Saud Arabystanynyň öňdebaryjy döwlet kompaniýasy bolan «Saudi Aramco» Hazarýaka döwletlerine, hususan-da, Türkmenistana tebigy gazyň ägirt...

Nebit promyseliniň ýanynda ýod önümçiligi

Türkmenistanyň günbatarynda hereket edýän nebitpromyselleriniň birinde Uglewodorod serişdeleriniň çykarmakda ulanylýan senagat suwundan ýod önümçiliginiň ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen «Himiýa senagaty» HJ (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy) kenarýaka sebitinde Ekerem töwereginde täze kärhananyň önümçilik binalarynyň gurluşygyny alyp barýar. Bu ýerde elementar ýody öndürmegiň degişli usuly peýdalanylar. Ýod alnandan soňra utilizirlenen suw ýaplarda saklanylyp, soňlugy bilen...

Türkmenistan ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär

«ABŞ-Täjigistan» Söwda geňeşiniň başlangyjy boýunça Waşingtonda «Baker McKenzie» kompaniýasynyň gurnamagynda geçirilen ABŞ-nyň işewür düzümleriniň we ýokary wezipeleri wekilleriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri bilen duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip news.tj saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň diplomatik wekili öz çykyşynda türkmen-amerikan söwda gatnaşyklaryny...

2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň eksporty düýpli artdy

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň nebit we gazy gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň eksport möçberleri düýpli artdy. Netijede, 2018-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdireniňde, şu ýylyň degişli döwründe Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndan (TDHÇMB) türkmen bitumynyň eksporty 5 esse, binýatlyk ýaglaryňky — 4 esse artdy. Türkmenistanda öndürilen polipropileniň eksporty 119,2 göterim ýokarlandy. Mazutyň we göni aýlawly...

«Turkmen Forum» kompaniýasy — X Halkara Gaz kongresini gurnamakda «Türkmengaz» DK-nyň hyzmatdaşy

«Turkmen Forum» kompaniýasy 21-22-nji maýda «Awazada» geçiriljek X Halkara Gaz kongresini gurnamakda «Türkmengaz» DK-nyň hyzmatdaşy bolup durýar. Bu barada çäräni gurnaýjy guramalaryň saýtyna habar berilýär. «Turkmen Forum» kompaniýasy halkara we milli sergileri, maslahatlary we seminarlary, işewür duşuşyklary gurnamaklyga we kompaniýalaryň tanyşdyryşyny geçirmeklige ýöriteleşýär. Gaz kongresine geçirmeklige «Gaffney, Cline and Associates» britan kompaniýasy ýardam edýär. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz...

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň barşynda döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 40-a golaýyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara...

Wenada Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň gurnamagynda Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň binasynda geçirilen «tegelek stoluň» barşynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň wekiliýeti, Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlarynyň wekilleri we Ilçileri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy we...

GDA-nyň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek mejlisleriniň seneleri kesgitlenildi

31-nji maýda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini, 11-nji oktýabrda bolsa, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini geçiriler. Bu seneler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalarynda görkezilýär. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde mejlisleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen piroliz benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň we Rumyniýanyň, Irlandiýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri...

2014