Täzelikler

Hazar sebitinde nebitiň çykarylyşynyň artmagyna garaşylýar

Ýakyn ýyllarda Hazar sebitinde nebitiň çykarylyşy ýylda 170 million tonna çenli artar. Bu barada, Trendiň habar bermegine görä, «Transneft-Serwis» OOO-nyň baş direktory Maksim Muraşko Bakuda geçirilýän SOCAR «Downstream Hazar we Merkezi Aziýa – treýding, logistika, nebiti gaýtadan işlemek, nebithimiýa» IV halkara forumynda belledi. Muraşkonyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda sebitde her ýylda 150 million tonna nebit çykarylýar. «Sebitden...

Uzynada käninde ikinji iň çuň guýy burawlandy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirligi Türkmenistanyň hazarýaka sebitinde ýerleşýän Uzynada nebitgaz kninde ikinji iň çuň guýynyň buraw işlerini tamamladylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Geljegi uly bolan bu meýdançada çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýy burawlandy we häzirki wagtda tebigy çökündileri mundan beýläk hem özleşdirmek üçin obsadka sütünlerini düşürmek işleri...

Baku – Tbilisi – Jeýhan Hazar nebitini daşky bazarlara çykarmagyň esasy usulydyr – Thomson Reuters-iň analitigi

Baku – Tbilisi – Jeýhan turba geçirijisi Hazar sebitinden daşarky bazarlara nebit ibermekde esasy ugur bolup durýar. Bu barada Trendiň habar bermegine görä, «Thomson Reuters-iň» analitigi Gleb Gorodýankin Bakuda geçirilen SOCAR-yň «Downstream Hazar we Merkezi Aziýa — treýding, logistika, nebiti gaýtadan işlemek, nebithimiýa» IV Halkara forumynda aýtdy. Şol bir wagtda, onuň belleýşi ýaly, Hazar sebitinden dünýä...

Maýa goýum işjeňligi Türkmenistanyň ýokary ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendirijisi bolmagynda galar — bilermen

Esasy makroykdysady görkezijileriň seljermesiniň tassyklamagyna görä, döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň pudaklarynyň düýpli özgerdilmegi, bazar gatnaşyklaryna geçilmegi Türkmenistanyň ösüş gazanmagyna oňyn täsir etdi. Bu barada bilermen, ykdysady ylymlaryň kandidaty Walentin Trapeznikow belledi, diýip SNG.Today habar berýär. Bilermeniň belleýşi ýaly, 2018-nji we 2019-njy ýylyň başy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň depginli ösmegi bilen häsiýetlendirilýär. Jemi içerki önümiň ösüş...

Hazar ykdysady forumy Pakistanyň işewür toparlaryny gyzyklandyrýar

Hazar ykdysady forumy türkmen-pakistan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Bu barada geçen hepde Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynyň Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynda Türkmenistanyň ykdysady syýasatyna hem-de birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap geçiren tanyşdyrylyş dabarasynda pakistanly işewür toparlar bellediler, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bu duşuşyga Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň prezidenti Daru Han Açakzaý, uly wise-prezidenti...

Türkmenistanyň ýubileý gaz kongresi dünýäniň HBS-leriniň giň media-goldawyna eýe bolar

Ýene-de bir aýdan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň ýubileý onunjy gaz kongresi — TGC — 2019 geçiriler. Foruma däp bolşy ýaly, dünýäniň 30 döwletinden 400-den gowrak wekil ýygnanyşar, diýlip çäräniň guramaçylarynyň saýtynda (tgc2019.org) habar berilýär. Guramaçylaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bar. 21-22-nji maý aralygynda geçiriljek abraýly halkara forum dünýäniň öňdebaryjy HBS-leriniň...

Türkiýe Hazar basseýniniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna gyzyklanma bildirýär

Türkiýe Hazar basseýniniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň energetika ministrleri bilen geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça habar berdi, diýip Trend türk HBS-lerine salgylanyp belleýär. Ministriň sözlerine görä, şeýle hem Hazar basseýniniň energiýa serişdeleriniň Türkiýä iberilmegi örän möhümdir. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň...

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň energetika ministrleri Stambulda energetika meselelerini maslahatlaşar

Ankara, Baku we Aşgabat Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň energetika ministrleri — Fatyh Dönmeziň, Perwiz Şahbazowyň we Çarymyrat Pürçekowyň bilelikdäki duşuşygynda energetika meseleleri maslahatlaşylar. Ministrlikde bellenilişi ýaly, energetika ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy 19-njy aprelde Stambulda geçiriler. Üç döwletiň ministrleriniň duşuşygynyň çäklerinde bilelikdäki energetika taslamalary, şol sanda bu ugurda mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylar Как отметили в министерстве, трёхсторонняя...

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümleri bilen tanyşdy

«LG International Gorp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa) koreý kompaniýalary tarapyndan gurlan Gyýanly gazhimiýa toplumyna baryp görmegi çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In polimer zawodyň öndürýän önümleriniň toplumy, şeýle hem ýurdumyzyň kärhanalarynda olardan öndürilen taýýar önümler bilen tanyşdylar. Polipropilene we polietilene bolan isleg dünýä derejesinde ýokarlanýar, bu olaryň özboluşly aýratynlyklary bilen...

Mun Çže In: Biz ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegi ylalaşdyk

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna bilelikdäki sapary üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. — Bu kärhananyň işe girizilmegi iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynda täze tapgyr açdy. 47 aýlap çylşyrymly howa şertlerinde futbol meýdançasyndan 70 esse uly meýdanda ýokary tehnologik toplumy gurup, iri...

Gurbanguly Berdimuhamedow: Biz türkmen bazarynda koreý işewürliginiň wekillerini garşylamaga şatdyrys

Biz geljegi uly türkmen bazarynda Koreýanyň işewürler toparlarynyň wekillerini garşylamaga şatdyrys, iň öňdebaryjy tehnologiýalary, ekologiýa talaplaryny hasaba almak bilen ornaşdyrmak arkaly desgalary bina edýän iri kompaniýalar ýokary derejeli işgärleri taýýarlaýarlar hem-de biz olar bilen netijeli, ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Hazar bilen sebitindäki örän iri...

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Gyýanlydaky Polimer zawodyna baryp gördüler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Hazar sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna — Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna bardylar. Bu zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan enjamlar bilen üpjün edilendir. Onuň düzüminde esasy dört tehnologiýa ulgamy:...

Koreý kompaniýalary Türkmenistan tarapyndan ýangyç-energetika toplumynda öňe sürülýän taslamalara işjeň gatnaşar — Mun Çže In

17-nji aprelde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikler tamamlanandan soňra, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen eden çykyşynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge we ýangyç-energetika toplumynda taslamalary durmuşa geçirmek meýilleri barada belledi. Netijeli hyzmatdaşlygy has-da depginli ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyk barada habar berip hem-de Gyýanlyda geçen ýyl iri gazhimiýa...

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mun Çže In Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Diplomatik, resmi we gulluk pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekligiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. — Türkmenistan baý tebigy serişdeleri, ösýän senagat-ulag düzümi hem-de oba hojalyk toplumy bar, Koreýa Respublikasy bolsa, döwrebap tehnologiýalara we önümçilige eýe bolup durýar. Biziň ýurdumyz senagatlaşdyrmaga tarap ugur almak bilen, öňdebaryjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara...

2014