Täzelikler

Seýdiniň NGIZ «Ýewro-5» benzinleriniň täze neslini öndürmäge taýýarlyk görýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda «Ýewro-5» benzinleriniň täze neslini öndürmäge niýetlenen ЛЧ-З5-11/1000 desgasynyň durkuny täzelemek işi ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu taslamany Birleşen Arap Emirlikleriniň «WTL (FZE)» we ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýalar birleşigi durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda desganyň katalitiki riforminginiň böleklerini ýygnamak hem-de olary kebşirlemek...

«Galkynysh – TAPI Pipeline Company Limited» ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasy Dubaýda açylar

Türkmenistany, Owganystany, Päkistany we Hindistany birleşdirjek TOPH gaz geçirijisini gurmak we ulanyşa girizmek boýunça Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) “Galkynyş - TOPH Pipeline Company Limited” ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasyny bellige almak we açmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu ägirt halkara taslamasynyň gurluşygynyň barşy barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzinini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Şeýle hem Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümi bolan...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şol sanda döwlet standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň ýüpekçiligini ösdürmek bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew...

Habar beriş serişdeleri üçin

2016-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda «Interfaks» habarlar agentligi resmi saýtynda «gepleşiklere ýakyndan gatnaşan biriniň» maglumatlaryna esaslanyp, «Gazpromyň» «Türkmengaza» 2016-njy ýyl üçin şertnamalaýyn arakesme etmegi teklip edendigi baradaky habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» Döwlet konserni berlen bu maglumatyň esassyzlygyny nygtamak bilen, 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda «Türkmengaz» DK-nyň Habarlar gullugynyň neşir eden press-relizinde «Gazprom eksportuň» 2016-njy ýylyň ýanwaryndan...

«Türkmengeologiýa» DK 2015-nji ýylyň netijeleri boýunça uglewodorod gorlarynyň artmagyny üpjün etdi

Türkmenistanyň 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň Maksatnamasyny hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň zähmetkeşleri mynasyp goşant goşýarlar. 2015-nji ýylda korporasiýanyň önümçilik kärhanalary Türkmenistanyň Günbatar, Merkezi hem-de Günorta-Gündogar böleklerindäki nebitgaz ýataklarynda geologiýa-gözleg, ylmy-barlag işlerini meýilnama boýunça amala aşyrdylar. Netijede, nebitgaz ýataklarynyň, senagat...

Türkmenistanyň Prezidenti 2016-njy ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem  möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlisde bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş...

Nebit-Gaz toplumynda ýylyň jemine hem-de 2016-njy ýylda öňde duran wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Nebit-Gaz toplumynyň Merkezi binasynda nebit-gaz pudagynyň edaralarynda we kärhanalarynda 2015-nji ýylda edilen işler hem-de 2016-njy ýylda öňde duran möhüm ähmiýetli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri,...

Bütindünýä Banky: Türkmenistanyň ykdysadyýeti ösüş depgini boýunça öňdeligi eýeleýär

Bütindünýä Bankynyň (BB) maglumatlaryna görä, Türkmenistan geljek ýyllarda hem her ýylky ösüş depgini boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýelemegini dowam eder. Muňa 6-njy ýanwarda ABŞ-nyň Waşington şäherinde neşir edilen BB-nyň “Global ykdysady meýilnamalar” atly täze beýanynda getirilen sanlar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bütindünýä Bankynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini 8,5% deň boldy. Deňeşdirmek...

TOPH we “Gündogar-Günbatar” taslamalary dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

Geçen 2015-nji ýyl şanly wakalaryň hataryna beslendi. Giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyndan başga-da, dekabr aýynda gurluşygyna badalga berilen Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazgeçirijisi (TOPH) hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdakysynyň desgalary, şeýle hem Balkan welaýatynda “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisini ulanmaga bermegiň dabarasy şol wakalaryň ýatdan çykmajaklary bolandygy şübhesizdir.         Esasy habarlar agentlikleri tarapyndan...

Habar beriş serişdeleri üçin

Gaz senagatyny ösdürmek Türkmenistanda häzirki wagtda möhüm ähmiýete hem-de bütinleý täzeçil häsiýete eýe bolýar. Şeýle özgertmeler ilkinji nobatda gaz ulgamynyň işjeňliginiň köpugurlaýyn giňeldilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Bu ýerde gürrüň diňe bir türkmen tebigy gazyny gazyp almak hem-de ony eksport etmek barada däl. Eýsem, şonuň bilen bir hatarda gazy gaýtadan işleýiş, gaz-himiýa senagaty hem ýokary...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 21-si bellige alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Estoniýadan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan, Maltadan, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçilere daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 719 müň...

LifeNews: TOPH taslamasy — ýylyň energetika ulgamynda bolup geçen möhüm wakalarynyň hatarynda

13-nji dekabrda gurluşygy badalga alan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy Russiýanyň belli habarlar teleýaýlymy bolan LifeNews-yň garaýşy boýunça 2015-nji ýylda dünýäniň energetika ulgamyndaky möhüm ähmiýetli wakalarynyň sanawyna girizildi. Ýylyň netijelerini jemlemek bilen, LifeNews energetika ulgamyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň sanawyny düzdi we ony 30-njy dekabrda teleýaýlymynda, şeýle hem adybir internet-portalynda giň köpçülige ýetirdi. Geçip barýan ýylyň iň ähmiýetli...

TOPH taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky täsirli ädim

Taryhy wakalaryň ikisiniň wagty boýunça gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar –Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilen günleri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem-de «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga bermegiň dabarasy bolup geçdi. Eger pugta oýlansaň, bu wakalaryň arasynda özara baglanyşygyň bardygyny görmek bolýar.    Çünki,...

2014