Täzelikler

Döwrebap tehnikalar känleri işläp taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrýar

«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň tehnologiki gullugynyň hünärmenleri material-tehnikiki binýady ösdürmegiň, hereket edýän tehnikalaryň we awtoulaglaryň görnüşlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna Lebap welaýatyň çäginde ýokary önümçilik görkezijilerini gazandylar. Hünärmenleriň ygtyýarynda Russiýanyň önümçiligi bolan «Kedr» barlaghana stansiýasy bar. Ol uniwersallygy, ýokary ygtybarlylygy, ulanmakdaky ýönekeýligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Bu stansiýa ýerasty plastlaryň ýagdaýyny anyklamaga, ýeriň aşagynda nebitiň ýa-da...

«Petronas» Türkmenistanda zyýanly zyňyndylary we galyndylary azaltmak boýunça meýilnama taýýarlady

Taýýar önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň esasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz känlerini işläp taýýarlaýan «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy daşky gurşawy durnukly goramak boýunça toplumlaýyn meýilnama taýýarlady. Meýilnamada bellenilen çäreler malaýzilaýaly operatoryň Türkmenistanyň çägindäki işjeňliginde, hususan-da, önümçilik desgalarynyň golaýynda tebigaty goraýjylyk düzümini berkitmäge gönükdirilendir. Zyýanly zyňyndylary we galyndylary azaltmak, şeýle hem önümçilikde energiýadan we suwdan...

Özbegistan «Türkmengaz» üçin «ISUZU» awtobuslaryny getirer

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Uztreýd» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin «ISUZU» kysymly awtobuslary ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Aşgabatda şenbe güni geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisinde aýdyldy. Mejlisiň barşynda Özbegistanda öndürilen beýleki kysymly awtotehnikalary hem Türkmenistana ibermäge hemme mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi. Toparyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler...

Türkmenistan «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri bolan Dubaýda Baş konsullygyny açdy

Geçen şenbe güni Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär. Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y.Amanow Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdi. Bu çärä Türkmenistanyň...

Türkmenistanda ýüze çykarylan demir gorlarynyň netijeli özleşdirilmegi üçin täze önümçilik dörediler

Türkmenistanyň günbatarynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känler ýüze çykaryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer ýurdumyzyň dürli künjeklerinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň dowamynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känleriň ýüze...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 82-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we binýatlyk ýagy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni işlenen benzini satyn aldylar. Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we...

Türkmenistan we ABŞ ýangyç-energetika, sanly tehnologiýalar we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç Waşingtonda geçirilen duşuşykda türkmen-amerikan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Penşenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda, taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly...

Discussed the challenges of developing the oil and gas complex

In the Central building of the oil and gas complex, a production meeting was held with the participation of heads and specialists of the industry, at which the tasks for improving the activities of oil and gas industry enterprises, designated by the President of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov, were discussed. Speaking to the audience, Vice Chairman of...

«TAPI Pipeline Company Limited-iň» wekili TOPH taslamasynyň durmuşy geçirilişi barada aýtdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen sişenbe güni geçiren iş maslahatynda “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” döwlet konserninden wekil M.Amanow serhetdeş ýurtlaryň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi. Häzirki günde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki-taslama resminamalaryny taýýarlamak işleri doly tamamlandy, taýýarlanan resminamalar gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary...

Prezident nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatynda işleriň netijeliligini ösdürmek boýunça wezipeleri belledi

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan...

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň 10 aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň edaralarynyň 2019-njy ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen, wise-premýer Myratgeldi Meredow Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekiline söz berdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýüze çykarylan parahorluk we korrupsiýa ýagdaýlaryna garşy göreşmek meselelerine...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde wezipeleri kesgitledi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde nebitgaz ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, depginini ýokarlandyrmagyň, nebit önümleriniň eksportyny artdyrmagyň zerurdygy barada belledi. Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Meredowyň habar berşi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 101,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,1...

Prezident: gazanylan görkezijileri saklap galmak we olary indiki ýylda artdyrmak zerur

Türkmenistanyň Prezidentiniň hökümet mejlisinde belleýşi ýaly, biziň öňümizde şu ýyl gazanylan gowy netijeleri ýylyň ahyryna çenli saklap galmak we geljek ýylda artdyrmak wezipesi durýar. Ýylyň ahyryna çenli bir ýarym aý wagt galdy. Şoňa görä-de, şu döwrüň içinde biz ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli tamamlap, täze — 2020-nji ýyla ynamly gadam basmak üçin, köp meseleleri çözmelidiris...

10 aýda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada wise-premýer G.Myradow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýeden gelen işewürler tehniki...

2014