Täzelikler

Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisinde ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçilikleri görkezildi

23-nji sentýabrda Aşgabatda ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp, Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işine başlady. Serginiň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde çykyş etdi. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, türkmen işewürleriniň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň jemlenen ýerine öwrüldi. Serginiň köpsanly diwarlyklary ykdysady gazanylanlara,...

Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky känleri özleşdirmek işini işjeňleşdirmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalar, şeýle hem geçen sekiz aýda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi

Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetildi – diýlip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara iberen gutlagynda bellenilýär. Häzirki döwürde eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, Owganystandan, Maltadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini we suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylan awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary...

«Hazarýaka bäşliginiň» döwletleriniň arasynda düşünişmezlikler ýok — Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary

«Hazarýaka bäşligi» döwletleri (Russiýa, Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan) Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany kabul etmek bilen sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etdiler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow belledi, diýip Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Bu gün hazarýaka döwletleriniň arasynda hiç hili gapma-garşylyk we düşünişmezlik ýok. Ähli meseleler çözülýär. Hazar boýunça Konwensiýanyň kabul edilmegi...

Russiýanyň Döwlet Dumasy Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady

Russiýa Federasiýasynyň (RF) döwlet Dumasy penşenbe güni geçirilen mejlisde Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady diýip, Interfaks habar berilýär. Resminamany tassyklamak hakyndaky kanunyň taslamasy Döwlet Dumasyna RF-nyň Prezidenti tarapyndan girizildi. Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekildi. Oňa Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlar: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan gatnaşýar. Konwensiýa Hazar deňzini,...

Türkmenistan we ÝTÖB 2024-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk strategiýasyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ÝTÖB-nyň 2019-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen...

Ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylar we işgärleri, ýurduň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyşyň dowamynda «Türkmengeologiýa» DK-nyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» DK-nyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu kitabynyň...

«The Express Tribune»: Pakistan TOPH taslamasynyň doly goldawyny üpjün edýär

Bu barada Pakistanyň «The Express Tribune» gündelik neşirinde çap edilen makalada aýdylýar. Soňra bu makalany Hindistanyň we Pakistanyň beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem köp sany halkara neşirleri — The News Today, RepublicWorld, Webindia123, Тhe news observers, Indiatvnew, Jammulinksnews, Dailyhunt, Business-standard, The leaders news, Naturalgasworld, Outlookindia, Socialnews, Eurasiantimes, Businessfast, Jansatta,  EnergyInfraPost we beýlekiler öz...

Azerbaýjan türkmen gazyny üstaşyr geçirmek boýunça tekliplere garamaga taýýar

Türkmen gazyny import edijiler ýa-da Aşgabat tarapyndan başlangyçlar öňe sürlen ýagdaýynda Azerbaýjan türkmen gazyny öz territoriýasynyň çäginden geçirmek meselesine seredip geçip biler. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Hikmet Gadjiýew «Asyryň şertnamasyna» gol çekilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan seminarda belledi, diýip Trend habar berýär. «Türkmen gazyny ibermek prosesinde Azerbaýjan üstaşyr geçiriji ýurt...

Türkmenistanda we Katarda energetika hem-de maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly mümkinçilikler bar — ilçi

Maýa goýum we energetika ulgamlarynda özarahereketleri giňeltmekde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Bu barada özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Halifa Ahmad Al-Suwaýdi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda belledi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe özarahereketleriň dürli ulgamlarynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary...

Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň täze bellenen ilçisi döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Türkmen Liderine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Angela Merkeliň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmenistan bilen uzak möhletli, giň gerimli hyzmatdaşlygy...

«OGT – 2019-yň» guramaçylary türkmen telekeçilerine pudaklaýyn foruma ýeňillikli esasda gatnaşmagy teklip edýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» (OGT – 2019) 24-nji Halkara maslahatynyň guramaçylary bolan «Türkmennebit» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda 2019-njy ýylyň 22-23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen telekeçileri üçin 50 göterim ýeňillik kesgitlediler. «Türkmenistanyň nebiti we gazy» pudaklaýyn forum nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen her...

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň duşenbe güni geçiren wideomaslahatynda hasabat berdi. Döwlet Baştutany aýdylan habary...

Düýnki gün rekord dereje ýokarlanmadan soňra nebit arzanlaýar

Saud Arabystanynyň nebit infrastrukturalarynyň desgalaryna edilen hüjümleriň netijesinde soňky ýyllarda rekord derejede bahasy ýokarlanan nebit sişenbe güni söwdalaryň barşynda ýene-de aşaklap başlady, diýip Interfaks habar berýär. Moskwa wagty bilen 8:23-de Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,94 göterim aşaklap, 68,37 amerikan dollaryna deň boldy. Duşenbe güni söwdalaryň barşynda olaryň bahalary 14,61...

2014