«Hazar» konsorsiumy marketing sowalnamasyny geçirýär 09.07.2018 —18.07.2018
«Türkmennebit» Döwlet konserninden hem-de «Mitro International Limited» Kompaniýalaryndan ybarat bolan,
öz işini önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda «Hazar» şertnamalaýyn çäklerinde (Gündogar Çeleken käni) amala aşyrýan
«Hazar» Konsorsiumy
elektrotehniki materiallary we elektrik enjamlaryny — ýokary woltly elektrik enjamlar, pes woltly elektrik apparatlar, ýagtylyk çeşmesi, ýagtylyk tehniki enjamlar, kabel önümleri, uçlar satyn almak boýunça
şu aşakdaky arza boýunça marketing pikir soraşmasyny geçirýär:
Arza № 673 - 20.06.2018 ý.
«Hazar» konsorsiumynyň şu marketing soraşmasyna gatnaşmaga isleg bildirýänler şu MARKETING SORAŞMA neşir edilenden soň ýokarda görkezilen senä çenli (ýerli wagt bilen 18-00-a çenli) şu aşakdakylary ýerine ýetirmelidir:
1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny taýýarlamaly (erkin formada kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylary görkezilen görnüşde ygtyýarlandyrylan wekiliň goly bilen we kompaniýanyň möhüri bilen ygtyýarlandyrylan görnüşde) we aşakda görkezilen salga iberilmelidir.
2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.
Düşündiriji maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:
1. 744000 Aşgabat ş., Türkmenistan, Andalyp 50/1, 3-nji gat.
«Mitro International Limited» Kompaniýasynyň wekilligi.
Üns beriň: wekilligiň referenti:
tel.: + 993 12 45 60 95 faks: + 993 12 45 60 96
e-mail: asbmitro@asb.mitro-int.com. asbmitro@mitromos.com
2. 109147 RF, Moskwa, Marksistskaýa köç. jaý 14/16 1-nji bina
«Mitro International Limited» Kompaniýasyny Moskwadaky wekilligi
Üns beriň: daşary kooperasiýa toparynyň direktory:
tel.: + 7 495 788 55 60 faks: + 7 495 748 32 31
e-mail: sergey.radko@mitromos.com, petr.gazenko@mitromos.com.