«Dragon Oil» — Türkmenistan: hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

Hazaryň türkmen böleginiň bilermenler tarapyndan baha berlen umumy gorlary şertli ýangyjyň 18,2 milliard tonnasyna barabardyr. Häzir bu ýerde dünýä belli kompaniýalaryň birnäçesi işleýär. Olaryň hatarynda «Dragon Oil» kompaniýasy (Birleşen Arap Emirlikleri) bolup, ol «Çeleken» şertnamalaýyn çäge girýän ýataklary işläp taýýarlaýar. Energetika ulgamynda toplanan tejribe we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda «Nebit-gaz» gazetine «Dragon Oil (Türkmenistan) LTD-niň» baş menejeri Feýsal Rabi al Awadi şeýle gürrüň berdi:

– Sentýabryň ahyrynda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda «Türkmenistanyň nebitgaz pudagy – maýa goýumlary üçin mümkinçilikler» atly iki günlük maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan guraldy. Dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşan bu duşuşygynyň gün tertibi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmegiň hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginiň lisenziýalaşdyrylan bloklaryny özleşdirmegiň şertleri, transmilli gaz geçirijilerini gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly bolan meseleleri öz içine aldy. Dünýäniň energetika bazarynda biziň ýurdumyzyň mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz?

– Gudraty güýçli Alla Türkmenistana köp babatda eşretleri eçilipdir. Olaryň biri hem nebitgaz serişdeleri bolup durýar. Türkmenistan tebigy gazynyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýär. Ol gündogaryň we günbataryň arasynda strategik ýerleşip, Hytaý, Hindistan we Indoneziýa ýaly ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlyga eýedir. Şol ýurtlarda dünýäniň ýaş we ösýän ilatynyň 50 göterimden gowragy ýaşaýar.

Bu sebitiň ýurtlarynyň geljekde hem ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklap bilmegi üçin olara ekologiýa taýdan arassa energiýa, ýagny tebigy gaz zerur bolup durýar. Bu ýurtlaryň energiýa serişdelerine bolan islegini bolsa, ýokary derejede Türkmenistan kanagatlandyryp biler.

– Siziň kompaniýaňyz eýýäm köp wagt bäri türkmen bazarynda işleýär, bu hyzmatdaşlygyň netijeleri barada aýdaýsaňyz!

– «Dragon Oil» kompaniýasynyň iş tejribesi Türkmenistanyň geljekki hyzmatdaşlarynyň köpüsi – daşary ýurt maýadarlary, şeýle hem ýokary tehnologiýalara eýe bolan hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän nebitgaz kompaniýalary üçin oňyn mysal bolup hyzmat edip biler. Eger ýatlap geçsek, «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy önümleri paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, operator hökmünde «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde nebiti we gazy işläp taýýarlamak we çykarmak üçin 2000-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, 25 ýyl möhlet bilen ygtyýarnama, şeýle hem ýene 10 ýyl möhleti bolan ygtyýarnamany uzaltmaga bolan eksklýuziw hukuga eýe boldy.

«Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy «Dragon Oil plc» kompaniýasynyň aýrybaşga kärhanasy bolup durýar. Bu kompaniýanyň ştab-kwartirasy Birleşen Arap Emirlikleriniň we tutuş Ýakyn Gündogaryň iri söwda-maliýe merkezi bolan Dubaý şäherinde ýerleşýär. Şeýle hem biziň kompaniýamyz Tunisde, Yrakda, Owganystanda, Müsürde, Alžirde we Filippinlerde bloklary işläp taýýarlamak üçin lisenziýa eýe bolup durýar.

Günorta-Hazar basseýniniň gündogarynda ýerleşýän «Çeleken» şertnamalaýyn çäk Jeýtun we Jygalybeg ýataklaryny öz içine alýar, olar Hazar şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Geçen 15 ýylyň içinde kompaniýa şertnamalaýyn çägiň nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmaga ABŞ-nyň 4,8 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy. Hususan-da, köne guýulary abatlamak we täze guýulary burawlamak, deňiz stasionar platformalaryny, suwasty turbageçirijilerini gurmak işleri amala aşyryldy. «Alaja» nebit guýulýan terminalyň durky täzelendi, aslynda, täzeden guruldy. Netijede, tankerleriň ikisini birwagtda doldurmak mümkin boldy. Bu bolsa, kompaniýanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy. Harytlyk nebiti taýýarlamak, saklamak we ýüklemek üçin niýetlenen nebit toplaýjy nokat, awtomobil, traktor, ýük galdyryjy tehnikalary we nebit enjamlaryny abatlaýan ussahanalar, deňiz suwuny süýjediji beket, şeýle hem beýleki desgalar guruldy. Netijede, «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde bir gije-gündizde çykarylýan nebitiň möçberi 2000-nji ýylda takmynan 7 000 barrel bolan bolsa 2014-nji ýylda 100 000-den gowrak barrele çenli artdy. Häzir nebit saklamak üçin umumy göwrümi 160 000 barrele deň bolan täze ammarlaryň 8-sini gurmak işleri dowam edýär. Biz Hazaryň zolagynda abadan ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagyna aýratyn üns berýäris. Kompaniýa bu ugurda Türkmenistanyň kanunçylygyny berk berjaý etmek bilen, nebit işlerini ýerine ýetirýär.

Kompaniýanyň birlik işgär sanawynda 2 000-den gowrak işgär bolup, olar dünýäniň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlarydyr. Şunda işgärleriň 90 göterimden gowragy Türkmenistanyň raýatlaryndan ybaratdyr. Hazar şäherinde okuw merkezi açyldy, ol kompaniýanyň tehniki işgärleriniň hünär taýýarlygyny we gaýtadan taýýarlanmagyny üpjün edýär. Merkeziň synp otaglary we türgenleşik zallary krançylaryň, burawlaýjylaryň, operatorlaryň we guýy abatlaýjylaryň hünär tälimini almagy üçin ýörite enjamlar, okuw diwarlyklary we görkezme okuw gollanmalary bilen üpjün edildi. Soňky 2 ýylda BAE-de, Russiýada, Malaýziýada we Ýewropa ýurtlarynda işgärlerimizi okatmak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin biz 3,5 million dollardan gowrak serişde goýberdik.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň işjeň ýardam etmeginde Hazar şäherinde Saglyk öýüni gurmagyň taslamasy amala aşyryldy. Şäher hassahanasy döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Kompaniýa medeni-köpçülikleýin we sport çärelerini guramakda yzygiderli hemaýat goldawyny berýär. Mysal üçin, Hazar şäher sport komiteti bilen bilelikde biz her ýyl woleýbol, basketbol, boks we futbol boýunça «Dragon Oil» kompaniýasynyň kubogy ugrunda açyk ýaryşlary geçirýäris. «Dragon Oil» kompaniýasynyň şu ýyllaryň içinde Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmetaraplaýyn goldaw bermeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işläp gelýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Munuň üçin biz Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.

– Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, size işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýäris.

Meňzeş makalalar
2014