TOPH-nyň TASLAMASYNA GIRIŞMEK — DÖWRÜŇ MÖHÜM WAKASYDYR

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşmak bilen, bitaraplyk syýasatyny üstünlikli ýöredýändigini tutuş dünýä görkezýär. Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynda täze iri energetika taslamasyna – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň hem-de «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu gaz käni başlangyç tapgyrda täze energetika ulgamyň serişde binýadyna öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarifiň we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň gatnaşan bu şanly wakasy Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Dünýäniň energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman arhitekturasyny döretmek ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde şol strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda energetika boýunça Ähtnama, şeýle hem TOPH gaz geçirijisi boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Afghangas Enterprise» we «Inter state gas systems (Private) Limited» hem-de «Gail (India) Limited» kompaniýalarynyň arasynda paýdarlar hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Dabaraly çäre tamamlanandan soň, Energetika hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak «Nebit-gaz» gazetine interwýu berdi.

– Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen, olary dünýä bileleşiginiň hyzmatynda goýmaga çalyşýar. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz global energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge täze konseptual çemeleşmeleri öz içine alýan möhüm halkara başlangyçlarynyň birnäçesi bilen çykyş etdi. Dünýä bazarlaryna tebigy gazy ibermegiň eksport ugurlaryny giňeltmek maksadynda anyk ädimler ädilýär. Hususan-da, Türkmenistan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy hem-de Türkmenistan – Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasy çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Siziň ýolbaşçylyk edýän guramaňyz – Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurtlaryny birleşdirýän Energetika hartiýasy TOPH-ny gurmagyň taslamasyna nähili baha berýär?

– TOPH taslamasyny amala aşyrmaga girişmek, bu gaz geçirijisiniň ilkinji turbalaryny kebşirlemek hem-de degişli ylalaşyklara gol çekmek mynasybetli geçirilen çäre – bu Türkmenistanyň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyran şanly waka boldy. Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarifiň, Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň belleýişleri ýaly, TOPH-nyň gurulmagy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, müňýyllyklaryň dowamynda bu ýerde ýaşap gelýän halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmek işine hyzmat eder.

Elbetde, gaz geçirijini şeýle ugur boýunça çekmek aňsat iş däl, ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelmek uly wezipe bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, bu taslama gatnaşýan ähli taraplara üstünlik arzuw edýärin. Onuň amala aşyrylmagy Türkmenistan üçin uly üstünlik bolar, şol sanda gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda hem uly üstünlik bolar. Şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň gorlaryny özleşdirmegiň möhümdigini bellemek gerek. Bu işiň Türkmenistandan Günbatara, Ýewropa eksport ugryny döretmek nukdaýnazaryndan hem geljegi uludyr. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary hem muňa uly gyzyklanma bildirýärler.

Energetika hartiýasy TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek pikirini doly goldaýar. Türkmenistan we Owganystan Energetika hartiýasy Şertnamasynyň doly hukukly agzalary bolup durýarlar. Pakistan oňa goşulmaga çagyryldy we ony tassyklamaga taýýarlanýar. Biz Hindistan bilen onuň Energetika hartiýasyna goşulmagy babatda iş alyp barýarys.

Mälim bolşy ýaly, TOPH taslamasy degişli düzümiň, şol sanda elektroenergetika düzüminiň döredilmegini hem göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, Merkezi we Günorta Aziýany kommunikasiýalaryň döwrebap görnüşleri baglanyşdyrar. Energetika hartiýasy şu taslamany amala aşyrmakda Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny doly goldaýar we biz bu hyzmatdaşlygyň üstünligine uly gyzyklanma bildirýäris.

Biz Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris. Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Energetika hartiýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi» atly forumy geçirildi. 2017-nji ýylda Türkmenistana Energetika hartiýasynyň başlygynyň ygtyýarlyklaryny geçirmek hakynda çözgüt kabul edildi.

Men şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahatynyň işine gatnaşdym. Bu maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen foruma gatnaşyjylarda uly seslenme döredendigini bellemek isleýärin. Çykyşda bitaraplyk syýasatynyň esasy ýörelgeleri we mümkinçilikleri beýan edildi.

Meniň pikirime görä, siziň ýurduňyz toplan uly iş tejribesi we gazanan uly üstünlikleri bilen 2017-nji ýylda Energetika hartiýasy ýaly iri halkara guramanyň başlygynyň ygtyýarlyklaryny kabul edip, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny üstünlikli ýöredýändigini, beýleki ýurtlaryň ykbalyna, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýandygyny nobatdaky gezek görkezer.

Meňzeş makalalar
2014