«TÜRKMENNEBIT» DÖWLET KONSERNI: täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipe bolup durýar

Nebitgaz pudagy türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda onuň kemala gelmeginde möhüm orun eýeledi we häzir hem milli ykdysadyýetimiziň esasy sütüni boiup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan Türkmenistanyň energetika syýasaty ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň we syýasy durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda çykarylýan «gara altynyň» möçberini artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny berkitmek boýunça wezipeleriň çözülişi barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Döwletdurdy HAJYÝEW «Nebit-gaz» gazetine şeýle gürrüň berdi:

– Baý nebitgaz gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan iri energetika döwletleriň hataryna girýär, dünýäniň energetika bazarlaryny ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Nebitiň, gazyň öndürilişini ýokarlandyrmak, içerki sarp edijiler üçin çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini artdyrmak ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. Häzir «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan işlenip geçilişiň dürli tapgyrlarynda bolan  meýdançalaryň otuza golaýy ulanylýar.

Önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de täze tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary giňden ornaşdyrmak arkaly nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak konserniň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Munuň özi köp wagt bäri özleşdirilýän ýataklarda çykarmasy kyn bolan nebit gorlary, şeýle hem özleşdirmek üçin ýetip bolmaýan uly çuňlukdaky nebit gatlaklaryny işlemäge girizmegiň hasabyna önümçiligiň kuwwatlylygyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Şu maksat bilen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk berkidilýär. Hususan-da, ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň köp wagt bäri özleşdirilýän guýularyny düýpli abatlamak boýunça hyzmat ediş işlerini geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeldilýär.

Ynha, eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt bäri işlenip taýýarlanýan Goturdepe ýatagynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde häzir ýatagyň diňe üstünlikli ulanylmagy dowam etdirmek bilen çäklenilmän, eýsem, onuň nebit berijiligi hem artdyrylar.

Mundan başga-da, konsern geljekde Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek boýunça meýilnamalary amala aşyrmaga taýýarlyk görýär. Olar nebitiň we gazyň uly goruna eýedir. Häzir ol ýerde «Petronas» we «Dragon Oil» ýaly daşary ýurt kompaniýalary önümi paýlaşmak şertinde iş alyp barýarlar. Ýurdumyzyň nebit senagatynyň  taryhynda ilkinji gezek türkmen nebitçileri hem Hazar deňziniň uglewodorod  gorlaryny işläp taýýarlamakda ilkinji ädimlerini ädip ugradylar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmennebit» döwlet konsernine alyp beren 10 sany buraw desgalary önümçilikde netijeli ulanylýar. Häzirki wagtda bu buraw desgalary bilen Demirgazyk Goturdepe we Altyguýy ýataklarynda çuň gözleg guýularynyň gazuw işleri alnyp barylýar. Geçirilýän gözleg gazuw işleriniň netijesi bu ýataklaryň geljeginiň uludygyny görkezýär.

Ýene-de bellemeli zatlaryň biri konsern tarapyndan kese we eňňit ugurly guýulary burawlamak işleriniň amala aşyrylyp başlanmagydyr. Kese ugurly 199-njy guýy şeýle guýularyň biri bolup, ol 80 gradus eňňitli 721 metr kese burawlandy. Şeyle guýulary Demirgazyk Goturdepe we Altyguýy meýdanlarynda  gazmak goz öňunde tutulyar.

Uglewodorodlaryň öndürilişini artdyrmak diňe bar bolan ýataklarda nebitiň we gazyň çykarylyşyny çaltlandyrmagyň däl-de, eýsem, gury ýerde täze meýdanlary açmagyň we özleşdirmegiň hasabyna hem gazanylýar. Türkmenistanyň çäginde geologlar tarapyndan täze nebitgaz ýataklaryny açmak nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýän geljegi uly birnäçe ýataklar ýüze çykaryldy we gözleg üçin taýýarlanyldy. Mysal üçin konsern tarapyndan ýurdumyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Altyguýy, Kemer, Garadaşly meýdanlarynda täze ýataklaryň üsti açyldy.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Uzynada we Akpatlawuk ýataklary hem geljegi uly meýdançalar hasaplanýar. Plioseniň aşaky gyzyl reňkli çökündilerinde uglewodorodlaryň ýatagyny gözläp tapmak maksady bilen, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň taryhynda ilkinji gezek Uzynada meýdançasynda taslama çuňlugy 7150 metr bolan gözleg guýusyny burawlamak işleri 3344 metr çuňluga ýetirildi, häzirki wagtda burawlamak işleri batly depginde dowam edýär.

Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça uly mümkinçilikleriň biri hem, guýulary düýpli abatlamak babatda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga bagly bolup durýar. Biziň hünärmenlerimiz tarapyndan ilkinji gezek XJ-450 desgasyny ulanmak bilen, Goturdepe we Barsagelmez ýataklarynyň işlemeýän guýularynda ikinji sütünini gazmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylyp başlandy.

Türkmenistanyň energetika kuwwatyny has-da berkitmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýan uly möçberli wezipeleri ýataklary netijeli işlemek, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek arkaly, şeýle hem geljegi uly bolan nebitgazly meýdanlary gözläp tapmagyň hasabyna toplumlaýyn çözülýär. 

Meňzeş makalalar

2014