TOPH GAZGEÇIRIJISI: MAKSAT HAKYKATA ÖWRÜLÝÄR

Mälim bolşy ýaly, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak, şol sanda köpugurly ulag düzümini döretmegiň hasabyna artdyrmak Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu  babatda iri maýagoýum taslamalary amala aşyrylýar, olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygy aýratyn orun eýeleýär. Möhüm halkara ähmiýetine eýe bolan bu taslamanyň ilerleýşi barada biz «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň direktorlar geňeşine girýän «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekili Muhammetmyrat Amanowdan gürrüň bermegini haýyş etdik.

– Mälim bolşy ýaly, TOPH taslamasy 2010-nj ýylda işjeň tapgyryna gadam basdy, şonda Aşgabatda bu taslama boýunça dörtaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. 2012-2016-njy ýyllarda bolsa, taslamanyň hukuk binýadynyň üsti ahli alyjylar bilen tebigy gazy satyn almak-satmak hakynda ylalaşyklar, Paýdarlar we Maýagoýum ylalaşyklary bilen yzygiderli ýetirildi.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hökümetleri TOPH taslamasyny ilerletmek we oňa maýa goýmak üçin öz döwlet gaz kompaniýalaryny – Turkmengas, Owgan gaz kärhanasy, Inter State Gas Systems (Private) Limited и GAIL (Hindistan) Limited kompaniýalaryny bellediler.

Taslama Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana çekiljek 1840 km uzynlykdaky turbageçirijiniň taslamasyny düzmek, satyn almak, gurmak, ulanmak we tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn işleri öz içine alýar. Doly ulanmaga berlenden soň, TOPH boýunça 30 ýylyň dowamynda bir ýylda 33 milliard kubmetr      tebigy gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu taslama halkara möçberli taslamalaryň hataryna kesgitli goşulyp bilner. Ol sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine, durmuş we ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam eder hem-de olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün eder. Bu şertler öz nobatynda “sütünler” bolup, olarda energetika giňişliginiň häzirkizaman gurluşy saklanýar.      

TOPH taslamasyny amala aşyrmakda, hususan-da, kabul edýän ýurtlaryň Hökümetleri bilen Ylalaşyk hem-de Tebigy gazy ibermek hakynda ylalaşyk ýaly esasy ylalaşyklar boýunça gysga döwürde uly ösüş gazanyldy. «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň döredilmegi hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu konsorsiumyň lideri hökmünde saýlanylmagy bilen taslama kuwwatly itergi berildi.

Mälim bolşy ýaly. TOPH-nyň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda badalga berildi. Täze gazgeçirijiniň ilkinji sepini--simwoliki “altyn halkasyny” kebşirlemek mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Hindistanyň we Pakistanyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gazgeçirijiniň ýurdumyzyň çägindäki 214 kilometrlik böleginiň gurluşygyny “Türkmengaz” döwlet konserni amala aşyrýar, ähli işleri 2018-nji ýylyň ahyrynda doly tamamlamak meýilleşdirilýär.    

2016-njy ýylyň oktýabrynda TOPH gazgeçirijisiniň türkmen bölegini gurmagyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň Yslam ösüş banky bilen Ylalaşygyna gol çekildi. Bu resminama ABŞ-nyň 700 million dollary möçberinde karzyň berilmegini göz öňünde tutýar.

Şu ýylyň noýabrynda Er-Riýadda Saud Arabystanynyň senagat we energetika ulgamlarynyň, şeýle hem iri kompaniýalarynyň ýobaşçylarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady we maýagoýum gatnaşyklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika ugry boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe ugurlar boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni 2018-nji ýylda TOPH-nyň gurluşygy üçin niýetlenen turba önümleriniň uly tapgyryny ibermek hakynda «Global Pipe Company» bilen şertnama gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» iri gaz käni başlangyç tapgyrda TOPH-nyň serişde binýady bolar. Bu gaz känini gurmagyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen TOPH-ny “mawy ýangyç” bilen ýokary derejede üpjün etjek uly işleri alyp barýar.

Beýleki üstünlikler barada hem aýtmak isleýärin. Mysal üçin, taslama boýunça ylalaşyklar gepleşikleriň tapgyrynda bolup, olar hökümetler we döwlet kontragentleri bilen baglaşylar. Olaryň arasynda kabul edýän ýurtlaryň Hökümetleri bilen ylalaşyk has ileri tutulýar.

Biz gazgeçirijiniň ugrunda jikme-jik trassa barlaglaryny amala aşyrmak üçin potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik işini tamamladyk. Daşky we durmuş gurşawyna täsire baha bermek, şeýle hem ýerleri bellemek boýunça meýilnamany işläp taýýarlamak ýaly esasy işler owgan we pakistan böleklerinde ornaşdyrmak tapgyrynda durýar.  

Gazgeçiriji we ähli beketler üçin Front-End Engineering & Design diýen ýaly has meşhur deslapky taslama düzmek işleri ýerine ýetirildi.

Magistral turba we uly klapanlar ýaly dowamly taýýarlanylýan enjamlary getirmek, şeýle hem geçiriji bölegiň we dürli maksatly beketleriň gurluşygyny amala aşyrjak potratçylar boýunça bäsleşik işine badalga berildi.  

Bäsleşikleriň netijesi boýunça baglaşyljak şertnamalaryň taslamalary taýýarlanyldy. Biz teklip edilýän şertnama shemasynyň ozal bazarda kabul edilmegini hem-de taraplaryň bähbitleriniň netijeliligini we sazlaşyklylygyny görkezmegini nazara almak bilen dowamly gepleşiklere garaşmaýarys. Kompaniýalaryň arasynda geňeşçiler toparynyň – öz ugry boýunça dünýä liderleriniň ýynanmagy bolsa möhüm ýagdaý bolup durýar. 

Umuman, bularyň hemmesi taslamanyň bellenilen meýilnama laýyklykda ilerleýändigini aňladýar, 2019-njy ýylda gazy TOPH-na berip başlamak bellenildi.  

– TOPH-nyň gurluşygyna döwlet derejesinde nähili goldaw berilýär?

– Ilki bilen Türkmenistanyň bu taslamany durmuşa geçirmekde kerwenbaşy bolup durýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylyk etmegi netijesinde taslama ösüşiniň häzirki tapgyryna ýetdi, has takygy soňky on ýylda ol hyýaldan hakykata öwrüldi. Eýýäm ýakyn wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde gurluşyk işleriniň başlanmagyna garaşylýar.   

Elbetde, taslama gatnaşýan ýurtlaryň hökümetleri TOPH gazgeçirijisiniň taslamasyny doly goldaýarlar. «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň işine döwlet gaz kompaniýalary bolup durýar paýdarlar derejesinde, şeýle hem degişli ygtyýarlyklary bolan döwlet edaralarynyň derejesinde hemmetaraplaýyn ýardam berilýär.

Türkmenistanyň, Owganystanyň  Pakistanyň we Hindistanyň hökümetleriniň wekilleri örän ysnyşykly we netijeli işleýärler. Bu bolsa, TOPH taslamasynyň sebitiň ykdysadyýetini, ozaly bilen senagat pudagyny, uly we kiçi işewürligi ösdürmek üçin örän möhüm durýandygy tassyklaýar. Mysal üçin, enjamlary getirmek we gurluşyk işleri üçin ýerli potratçylar çekiler.   

Taslama gatnaşýan ýurtlar arzan, ykdysady taýdan amatly we ekologik taýdan arassa gaz, şeýle hem gazyň üstaşyr geçirilmegi üçin goşmaça girdeji alarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, sebiti ykdysady taýdan ösdürmekden, möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, bu ýerde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder. Bu babatda taslama gatnaşyjy ýurtlar, şeýle hem tutuş dünýä bileleşigi taslamany ara alyp maslahatlaşýarlar.    

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, taslamanyň möhüm we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlarynyň ýene-de biriniň Aziýanyň ösüş bankynyň bolup durýandygyny bellemek gerek. AÖB taslama ilkibaşdan gatnaşýar hem-de TOPH-na hemmetaraplaýyn goldaw bermegini, şol sanda ýeňillikli karzlary bermegiň hasabyna ýardam etmegini dowam edýär. Mysal üçin, «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynda paýdarlar maýasynyň owgan bölegini maliýeleşdirmek hakynda Owganystanyň Hökümetiniň hem-de AÖB-niň arasynda ylalaşyk gazanyldy.

– Taslama boýunça maslahatçylar we potratçylar haýsy ölçegler boýunça seçilip alynýar?

– Bu ozaly bilen, turbageçirijileriň taslamasyny düzmek, olary gurmak we ulanmaga bermek, iň gowy dünýä tejribelerini we ölçeglerini taslama ornaşdyrmak babatda uly iş tejribesiniň bolmagydyr. Ekologiýa tarapyna aýratyn üns berilýär. Gazgeçirijiniň ugruny saýlanymyzda biz onuň daşarky gurşawa täsiri ýörelgesinden ugur aldyk. Tehniki çylşyrymlylygy boýunça TOPH taslamasyny beýleki halkara gazgeçiriji taslamalaryň hatarynda goýmak bolar. Şunuň bilen baglylykda, biziň maslahatçylarymyzyň – «ILF» german hem-de «Allen & Overy» britan kompaniýalarynyň üstünlikli işlerini görkezmek bolar.

– Taslamany maliýeleşdirmek meseleleri nähili çözülýär?

–  Türkmenistanyň daşary ykdysady iş döwlet banky we «Türkmengaz» iri halkara taslamalaryna maýa çekmek hem-de dürli karz agentlikleri we maliýe edaralary bilen işlemek babatda uly tejribä eýe bolup durýarlar. Olaryň hatarynda Aziýanyň Ösüş Banky we Yslam Ösüş Banky, dürli ýurtlaryň eksport-karz agentlikleri we özbaşdak gaznalary, şeýle hem halkara täjirçilik banklary bar.    

Dowamly taýýarlanylýan harytlary we enjamlary getirmegiň zerur bolan maýa goýumlarynda agramly paýyny nazara alanyňda, eksport-karz agentlikleri taslamany maliýeleşdirmekde möhüm orun eýeläp biler. Mundan başga-da, taslama gatnaşýan taraplar gatnaşyk paýlaryna we ylalaşyklaryna laýyklykda taslama ygrarlygyny we öz maýalaryny bermek baradaky borçnamasyny biragyzdan tassyklaýarlar. 

Meňzeş makalalar

2014