«Türkmengaz» Döwlet konserni

744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., 

Arçabil şaýoly, 56.

Telefon belgileri:

(993 12) 40 32 01,

(993 12) 40 32 21

 

«Türkmengaz» Döwlet konserni Türkmenistanyň iň uly önümçilik-hojalyk toplumydyr. Türkmenistanyň çäklerindäki gaz ýataklaryndan tebigy gazy we gaz kondensatyny almak, ony gaýtadan işlemäge taýýarlamak hem-de gaýtadan işlemek, ýurduň içindäki sarp edijilere we daşary eksporta çykarmak Konserniň esasy iş ugurlaryna degişlidir.

Konserniň düzüm birliklerine buraw kärhanalary, gazy gazyp alýan kärhanalar, gazy daşaýan birleşikler, Türkmenistanyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün edýän birleşikler, geofiziki işleri geçirmek boýunça birleşikler, şeýle hem awtomatlaşdyrmak we telemehanika, tehnologiki aragatnaşyk boýunça kömekçi birleşikler degişlidir. Konserniň kärhanalary Türkmenistanyň çäklerinde 30-dan gowrak ägirt uly gaz kondensatly ýataklarda, şol sanda «Döwletabat», «Şatlyk», «Malaý», «Kerpiçli», «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy», «Gazlydepe», «Bagaja», «Garabil», «Gurrukbil», Merkezi Garagumdaky ýataklarda, şeýle hem ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde degişli işleri amala aşyrýarlar.

Tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberini artdyrmak hem-de döwletimiziň turbageçiriji ulgamyny has hem giňeltmek bilen bir hatarda «Türkmengaz» Döwlet konserni tebigy gazy toplumlaýyn derejede gaýtadan işlemäge mümkinçilik berjek gazhimiýa pudagyny ösdürmekligiň hem başyny başlady.


2014