«Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserni

744036, Türkmenistan, Aşgabat ş.,

Arçabil şaýoly, 56.

Telefon belgisi: (993 12) 40 35 01

 

«Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserni Türkmenistanyň köpugurly ägirt uly gurluşyk edaralarynyň biri bolup, buýrujylaryna hyzmatlaryň giň toplumyny hödürlemäge ukyplydyr. Konserniň kärhanalary şu aşakdaky işleri amala aşyrýarlar:

- nebitgaz geçirijilerini gurmak, nebitgaz ýataklaryny işe taýýarlamak;

- nebiti gaýtadan işleýän desgalara bejergi bermek;

- polat we demirbeton rezerwuarlaryny gurmak;

- izolýasiýa-gurluşyk işleri;

- santehniki we elektromontaž işleri;

- elektrohimikigorag işleri;

- sowadyjy we howa geçiriji ulgamlary kebşirlemek işleri, termo we gidroizolýasiýa işleri, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygy.

«Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň harytlyk betonyny, aswaltbetonyny, birleşdiriji demirbetonlaryny, metal, agaçdan ýasalan önümlerini we gurluşlaryny, ýerli gurluşyk materiallaryny öndürmäge ukyby bolan özbaşdak senagat gurluşyk toplumy bar.

«Türkmennebitgazgurluşyk» DK Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna degişli gurluşyk işlerini alyp barmakda öňdebaryjy orunlarda durýar. Konserniň degişli kärhanalary ýurduň ägirt uly gaz, gaz kondensatly we nebit ýataklaryndan uglewodorod serişdelerini gazyp almagy hem-de ýerlere eltip bermegi üpjün edýän desgalaryň gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Şol sanda magistral turba geçirijileriniň, basyş we kompressor beketleriniň, nebiti daşaýan sorujy beketleriň gurluşyk işlerini, ýataklary ulanyşa taýýarlamak işlerini, Seýdi we Türkmenbaşy şäherlerindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň gurluşyk – bejergi işlerini ýerine ýetirýär.

Konsern nebitgaz pudagyna degişli desgalary gurmak bilen bir hatarda, önümçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, myhmanhanalaryň, söwda merkezleriniň we ş.m. beýleki desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar.

2014