Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Samarkant şäheriniň Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993