3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Iki goňşy döwletiň Baştutanlary gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Özbegistan Respublikasy biziň hakyky dostumyz we ýakyn goňşymyz bolup durýar. Bu ýurt bilen dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Ulag we energetika geçelgelerini döretmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli möhüm meseleleri çözmek babatda alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu sammitiň Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem soňky döwürde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi.