Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite we Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite we Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy

4-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite hem-de Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow sammitiň barşynda maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyz ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şol gün şeýle hem bu ýerde geçirilýän «Merkezi Aziýa ählumumy klimat meseleleri bilen ýüzbe-ýüz: umumy abadançylygyň bähbidine jebisleşmek» atly birinji halkara foruma gatnaşdy.

«Silk Road Samarkant» toplumynyň Kongress merkezinde guralan iki günlük forum ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamynda dünýä ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. 

Iri klimat forumyna Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, dünýäniň esasy bilermenleri, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet işgärleri we Hökümet agzalary, şeýle hem halkara guramalaryň we belli maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993