Ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda täze zawodlaryň gurluşygyna gatnaşmagy maslahatlaşyldy

Ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda täze zawodlaryň gurluşygyna gatnaşmagy maslahatlaşyldy

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki ýakynda Balkan welaýatyna sapary amala aşyrdy. Ýaponiýanyň diplomatik edarasynyň saýtynda habar berilişi ýaly, saparyň çäklerinde ilçi Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler geljekki hyzmatdaşlyk, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda guruljak zawodlaryň taslamalarynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seretdiler.

Türkmenistan Kawasaki Heavy Industries Ltd. Kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýapon kompaniýasy ýurdumyzda birnäçe iri desgalary, şol sanda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Mary welaýatynda karbamid zawodynyň we Kelete sement zawodynyň gurluşygyna gatnaşdy.

Saparynyň çäklerinde diplomat beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany bolan Gerkez obasyna hem-de ülkäniň taryhy ýerlerine hem baryp gördi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993