Maslahat geçirildi

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň (YBTGI) kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan «Halal zähmet — abadan maşgala» atly maslahat geçirildi. YBTGI-niň mejlisler zalynda geçirilen maslahata nebitgaz toplumynyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärler we hünärmenler gatnaşdylar.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Geldimyrat Seýtiýew, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi Şirin Aşyrowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň internet web-saýtyny dolandyrmak bölüminiň müdiri Merdan Ýagşyýew, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjow dagy çykyş etdi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, ruhubelent, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegini şertlendirýär. Ata-enäniň halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdepdir. Eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýşy, üstünlikleri, Watana, halka, işine wepalylyk halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ilatyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993