Türkmenistanyň wise-premýeri BSG-niň Baş direktory bilen gurama goşulmak meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wise-premýeri BSG-niň Baş direktory bilen gurama goşulmak meselelerini maslahatlaşdy

9-njy aprelde Ženewa amala aşyrylan saparyň çäginde Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

BSG-niň Baş direktory Türkmenistanyň durmuşa geçirýän tagallalaryna we BSG-e goşulmak bilen baglanyşykly meselelerde görkezilen ussatlyga ýokary baha berdi. Okonjo-Iweala Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna bu ugurdaky strategiki goldawlary üçin aýratyn minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulyşmagy ugrundaky ädimleriniň çäginde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklandy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993