TEIF 2025 halkara forumynda durnukly geljegi gurmakda arassa energiýanyň orny maslahatlaşylar

TEIF 2025 halkara forumynda durnukly geljegi gurmakda arassa energiýanyň orny maslahatlaşylar

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm waka öwrüler.

Türkmenistanyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Türkmen Energiýa Forumy” hojalyk jemgyýetiniň goldawy bilen guraljak bu forum ýurdumyzyň energetika toplumyna, gurluşyk, ulag we ykdysadyýetiň beýleki strategik ugurlaryna maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat eder.

“Türkmen Energiýa Forum-yň” habar bermegine görä, TEIF 2025 forumynyň çäklerinde “Arassa energiýanyň durnukly geljegi döretmekdäki orny: metan we CO2 zyňyndylaryny azaltmak we monetizasiýa” atly ýörite sessiýa geçiriler.

Bu sessiýada daşky gurşawa ýetirýän täsiri azaltmak üçin innowasion çözgütler ara alnyp maslahatlaşylar, şol sanda arassa energiýa başlangyçlarynyň metan we CO2 zyňyndylaryny ep-esli azaltmaga nähili kömek edip biljekdigi barada pikir alşylar.

Şeýle hem bu tagallalaryň monetizasiýasy boýunça strategiýalar maslahatlaşylar we ekologik taýdan arassa, durnukly energetika ulgamyna geçmegiň ykdysady peýdalaryna üns berler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993