11-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumy şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşmaga 30 döwletden 300-e golaý wekil hasaba alyndy we häzirki wagtda hasaba almak işi dowam edýär.
Şeýle hem forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere Malaýziýada guraljak Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.