13-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «EXPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar we ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar.
Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak maksady bilen, iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär.