Ýaş himikleriň bäsleşigi jemlenildi

Ýaş himikleriň bäsleşigi jemlenildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralan «Zehinli ýaş himikler» atly bäsleşik jemlenildi. Orta mekdep okuwçylarynyň himiýa dersi boýunça taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmak, olardan aýratyn zehinlilerini ýüze çykarmak, okuwa höweslendirmek, olaryň geljekde hünär saýlamaklaryna oňyn şert döretmek maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň, aýratyn çuňlaşdyrylyp okadylýan orta okuw mekdepleriniň uçurym okuwçylary gatnaşdylar.

Garaşylyşy ýaly, bäsleşik zehinli okuwçylary ýüze çykardy, olaryň ukyp-başarnygyny açmaklyga, tebigy we takyk ylymlara degişli dersleri çuňňur öwrenmeklerine, pikir alyşmaklaryna, himiýadan takyk meseleleri çözmekde gyzyklanmasynyň artmagyna, pikirlenmek ukybynyň ösmegine ýardam etdi we ýaş zehinlere usuly kömek boldy. Bu möhüm çäräni geçirmek üçin guramaçylyk toparynyň döredilenligini bellemelidir. Guramaçylyk toparynyň düzümindäki uniwersitetimiziň umumy himiýa kafedrasynyň mugallymlary himiýadan ýumuşlary taýýarladylar hem-de okuwçylaryň ýerine ýetiren işlerini bahalandyrdylar.

«Zehinli ýaş himikler» atly bäsleşigiň 1-nji tapgyry 14-nji aprelde test görnüşinde onlaýn tertibinde geçirilipdi. Geçen anna güni zehinli himikleriň bu bäsleşiginiň 2-nji tapgyry ýumuş bermek arkaly Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde boldy. Jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýa merkeziniň maslahat zalynda yglan edildi we uniwersitetiň Hormat hatlary, diplomlary bilen sylaglanyldy. Bäsleşigiň 2-nji jemleýji tapgyrynyň çäklerinde medeni çärelere giň orun berildi. Şunda bäsleşige gatnaşyjylar bilen uniwersitetimiziň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, şeýle hem okuwda, ylymda, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanan talyplaryň duşuşyklary we gyzykly gezelençler guraldy.

Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda bäsleşigiň ýeňijilerinden has ýokary netije gazananlara bu ýokary okuw mekdebinde okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikleriň dörediljekdigini bellemelidir.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993