Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy we howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň «Ýol kartasynyň» çäginde, 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 22-23-i aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Metan zyňyndylaryna monitoringi we baha berşi amala aşyrmak babatynda resminamany işläp düzmek» atly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahata «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara bilermeni Nadežda Şewelýowa çykyş edip, metan zyňyndylarynyň monitoringini alyp barmak üçin bildirilýän talaplar, tehniki tabşyryklary işläp düzmek we halkara bäsleşikleri geçirmegiň hukuk esaslaryny düzmekde öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň iş tejribelerinde ulanýan kadalaşdyryjy namalary barada maglumat berdi.