2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz we 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. Bu baradaky maglumatlary Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, TDH habar berýär.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy, şeýle hem 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň önümçiliginiň 9,8%, benziniň 6,2%, kerosiniň 5,4%, nebit bitumynyň 26,4%, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň bolsa 5,2% artandygyny belledi.