Nazaryýetden tejribä tarap möhüm ädim

Nazaryýetden tejribä tarap möhüm ädim

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde gyşky önümçilik tejribeligi, adatça, okuw ýylynyň birinji ýarymynyň ahyrynda geçirilýär. Biz nebit we gaz guýularyny burawlamak hünärinde bilim alýan talyplar bilen gyşky önümçilik tejribeliginde Goturdepe buraw işleri müdirligindäki Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen ZJ70 buraw desgasynyň burawlaýan pursatlaryny ýakyndan synlamagy esas edindik. Önümçilik tejribeligiň esasy maksady talyplaryň dersler boýunça alan bilimlerini önümçilik şertlerinde berkitmekdir. Bu döwürde talyplar okuw kitaplaryndaky formulalaryň, çyzgylaryň we düzgünleriň hakyky iş durmuşynda nähili işleýändigini öz gözi bilen görýärler.

Hünär endiklerini kemala getirmek, zähmet köpçüligine uýgunlaşmak, hünär saýlawynyň dogrudygyny tassyklamak tejribeligiň talyba berýän artykmaçlyklarydyr.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993