Geljekki burawçylar önümçilik tejribeligini geçýärler

Geljekki burawçylar önümçilik tejribeligini geçýärler

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hereket edýän desgalarda gyşky önümçilik tejribeligini geçýärler.

"Nebit we gaz guýularyny burawlamak" hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin bu hünär gurşawyna doly aralaşmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Olar tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda hereket edýän önümçilik desgalarynda burawlamagyň tapgyrlaryna gözegçilik edýärler, buraw desgalarynyň gurluşyny öwrenýärler, şeýle hem tehniki howpsuzlyk kadalary we ýatgyrlarda işleri guramagyň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar.

Şeýlelikde, geljekki hünärmenler inženerçilik hasaplamalarynyň we tehniki resminamalaryň ýurdumyzyň ýatgyrlaryndaky gündelik işlerde nähili ulanylýandygy barada düşünje alýarlar diýip, turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993