«Nebitgazylmytaslama» instituty: nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy ylmy barlaglary we tehnologiýalary

«Nebitgazylmytaslama» instituty: nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy ylmy barlaglary we tehnologiýalary

Balkanabat şäherindäki “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümindäki “Nebitgazylmytaslama” institutynyň alymlary we hünärmenleri Türkmenistanda nebitgaz senagatynyň ösüşine uly goşant goşýarlar.

Institutyň hünärmenleri pudagyň dürli ugurlarynda täze usullary ylmy taýdan esaslandyrmak we olaryň çözgütlerini tapmak boýunça işleri alyp barýarlar. Täze guýulary özleşdirmek bilen bir hatarda, häzirki wagtda esasy wezipeleriň biri hem köne guýularyň durnukly işlemegini üpjün etmek we olaryň öndürijiligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem plast suwlarynyň akymyny çäklendirmek, gatlaklardan suwuň gelmeginiň öňüni almak, emele gelýän parafin çökündilerini has täsirli arassalamagyň usullaryny işläp taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. “Nebitgazylmytaslama” institutynyň ylmy işgärleri Balkan welaýatynyň çägindäki Goturdepe, Barsagelmez, Keýmir, Altyguýy, Günorta Gamyşlyja we Çeleken känlerindäki nebit guýularynda alnyp barlan şeýle işler boýunça gowy netijeleri gazandylar.

Dag jynslarynyň litokollektor we mineralogik düzümini, konstruktiw aýratynlyklaryny, haryt nebitiniň häsiýetlerini, degazasiýa tizligini, buraw we sementleýji erginleriň tehnologik görkezijilerini öwrenmek üçin täze enjamlaryň satyn alynmagy institutyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993