Türkmenistanyň wekilleri Abu-Dabide metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ÝUNEP-iň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri Abu-Dabide metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ÝUNEP-iň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistandan bolan wekiliýetiň düzüminde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «Nebitgaz pudagynda metan boýunça hyzmatdaşlyk» (OGMP) 2.0 başlangyjynyň durmuşa geçirilişine bagyşlanyp Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri girdi.

Maslahat dünýäde nebit we gazyň umumy çykarylyşynyň 42 göteriminden gowragyna degişli bolan 150-den gowrak öňdebaryjy kompaniýa-agzalaryň, şeýle hem döwlet we akademiki hyzmatdaşlaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Altyn standart» boýunça hasabatlylygyň 5-nji derejesine ýetmek boldy.

Maslahatyň çäginde türkmen wekiliýeti Bütindünýä bankynyň we ÝUNEP-iň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda OGMP 2.0 standartynyň orny, şeýle hem metan zyňyndylaryny gözegçilikde saklamak, hasabat bermek we barlamak (MRV) ulgamyny döretmek boýunça teklip edilýän grant taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993