Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-nyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek teklibini makullady

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-nyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek teklibini makullady

20-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler konserniň kärhanalarynyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz, sazlaşykly we ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993