Häzirki wagtda biziň ýurdumyz örän uly halkara taslamalaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini (TOPH) amala aşyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýusynda belledi.
“Bu gün TOPH-nyň Owganystanyň çägindäki birinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barlyp, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýar. Bu taslama halkara derejede goldaw tapýar, şol sanda ol ABŞ tarapyndan hem goldanylýar. Ol Günorta Aziýa döwletleriniň artýan energetika isleglerini üpjün etmek babatda uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň ösýän bazarlaryna çykmaga gowy mümkinçilikleri döredýär” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, TOPH taslamasy syýasy durnuklylygyň, ykdysady abadançylygyň üpjün edilmegi, maýa goýumlar babatda özüne çekijiligi bilen uly ähmiýete eýedir.
“Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Amerikan hyzmatdaşlarymyzyň hem oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine hakyky baha berjekdigine umyt edýäris” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.