Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýusynda Hazarüsti gaz geçirijisiniň möhüm ähmiýetini belledi.
“Biz bu taslamany energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýäris. Türkmenistan oňa çynlakaý, ünsli we oňyn garaýar. Şol bir wagtda halkara hukuk häsiýetli, ylaýta-da, Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek zerurdyr. Birnäçe wagt mundan ozal, bu mesele bilen meşgullanmak üçin türkmen-azerbaýjan iş topary döredildi. Bu toparyň işiniň amaly taýdan gowy netijeleri berjekdigine umyt edýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.