Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Sazlaşykly awtomatlaşdyrma: netijeliligiň täze tapgyry» diýen tema boýunça umumy okuw geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Meýletinçiler merkezi, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkezi tarapyndan guruldy.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler iş amallaryny awtomatlaşdyrmagyň diňe bir iri IT-bölümleriň ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň artykmaçlygy däldigini bellediler. Iş amallarynyň aýratynlyklaryna gowy düşünýän ýerli hünärmenler hem sanly tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmaga ukyplydyrlar. Bu bolsa işleriň has netijeli, takyk we çalt guralmagyna ýardam edýär.
Awtomatlaşdyrma işgärleriň ornuny tutmak üçin däl-de, eýsem olaryň işini goldamak, wagty tygşytlamak we öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.
Çäräniň ahyrynda geçirilen sowal-jogap sessiýasy mazmunly çekişmelere beslendi diýlip, turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.