Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Birleşen Patyşalygyň daşary işler ministrleriniň iş nahary wagtynda Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümligi barada aýtdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Iş nahary Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Iwett Kuperiň adyndan guraldy. Iş naharynda sebit hyzmatdaşlygy, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş we sebitara gatnaşyklary berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň hatarynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işe girizmek hem-de “Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy” atly täze görnüşi döretmek bar.
Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, şol sanda TOPH gaz geçirijisini, elektrik geçiriji ulgamlary hem-de owgan ugry boýunça demir ýol gurluşygyny amala aşyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.