70-e golaý daşary ýurt kompaniýalary we guramalar «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumyna we TSTB-niň sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

70-e golaý daşary ýurt kompaniýalary we guramalar «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumyna we TSTB-niň sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyna gatnaşmaga isleg bildirip, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew sergä hem-de halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Foruma türkmen tarapyndan degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge we telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993