Balkan welaýatyndaky «Türkmennebitgeofizika» müdirligi meýilnamalary artygy bilen berjaý edýär

Balkan welaýatyndaky «Türkmennebitgeofizika» müdirligi meýilnamalary artygy bilen berjaý edýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň çäginde işleýän «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň bölümlerinde şu ýylyň başyndan bäri ýokary görkezijiler hasaba alynýar. Müdirligiň Balkanabat toplumlaýyn geofiziki ekspedisiýasynyň gazanan üstünlikleri aýratyn bellärliklidir.

2026-njy ýylyň başyndan bäri ekspedisiýanyň hünärmenleri öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edýärler. Olaryň ýerine ýetiren gözleg-barlag we geofiziki işleriniň göwrümi takmynan 2 million 460 müň manada barabar boldy. Bu bolsa bellenilen meýilnamanyň 109,8 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.

«Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň ýerli bölümleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň işine saldamly goşant goşýarlar. Birnäçe möhüm wezipeler, şol sanda burawlanan we özleşdirilýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny öwrenmek, şeýle hem zerur çäreleri takyk amala aşyrmak işleri bu bölümiň geofizikleri tarapyndan üstünlikli çözülýär. Hünärmenler ulaglaryň üstünde gurnalan göçme barlaghanalary, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary netijeli ulanýarlar diýlip, turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993